Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystandaky ýagdaý ýene dartgynlaşdy


Gyrgyzystandan gowuşýan habarlarda wagtlaýyn hökümet bilen ýurtdan kowlan prezident Kurmanbek Bakyýewiň tarapdarlarynyň arasynda turan çaknyşyklarda ençeme adamyň ýaralanyp, bir adamynyň hem heläk bolandygy aýdylýar.

Tensions In Kyrgyzstan
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:33 0:00

Düýn Bakyýewiň tarapdarlary Jelalabatda häkimligiň jaýyny eýelediler. Şuňa meňzeş iş düýn wagtlaýynça Batkan we Oş welaýatlarynda-da boldy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Rysbaý Abdraimow ýaralananlaryň şu wagt Jelalabadyň keselhanasyndadygyny aýdýar.

“Şu gün ir sagat 10-larda Bakyýewiň tarapdarlary ýerli hökümetiň jaýynyň öňünde demonstrasiýa başladylar. Bakyýewiň döwrüne degişli iki sany öňki häkim hem “Kanuny hökümet dikeldilip, Bakyýew dolanyp gelmeli” diýip, märekäniň öňünde çykyş etdiler. Edil şol mahal wagtlaýyn hökümetiň tarapdarlary-da bu ýere geldiler we netijede iki toparyň arasynda çaknyşyk başlandy. Olar ilki birek-birege daş zyňdylar. Soňam atyşyk sesi eşidildi” diýip, Abdraimow aýdýar.

Abdraimow iki toparyň şu gün öýleden soň hem Jelalabadyň merkezindedigini habar berip, Bakyýewiň tarapdarlaryndan müňe golaý adamyň häkimligiň öňünde, wagtlaýyn hökümetiň tarapdarlarynyň hem ondan takmynan 300 metr aňyrda üýşüp duranlygyny aýtdy: “Edil şu wagt Jelalabat olaryň hiç biriniň kontrollygynda däl. Şu juma güni öýleden soň, ýerli bazar ýapyklygyna galdy. Şäheriň merkezine ýakyn ýerlerdäki mekdepler we dükanlar hem şeýle”.

Oş we Batkan

Bakyýewiň tarapdarlary Oş we Batkan welaýatlarynda hem düýn ýerli hökümet jaýlaryny gysga wagtlykça eýelediler. Bu ýerler häzir waglaýyn hökümetiň kontrollygynda. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habaryna görä, Oşda wagtlaýyn hökümetiň tarapdarlary zor bilen häkimlige girip, Bakyýewiň tarapdarlaryny ol ýerden çykarypdyrlar. Oşda häkimlik häzirki hökümet tarapyndan bellenen Sooronbaý Jeenbekowyň elinde. Düýn Bakyýewiň tarapdarlary ony hem öz edarasyndan gaçyp çykmaga mejbur edipdiler.

Oşdaky habarçymyz Janarbek Akaýewiň bildirmegine görä, şäher häzir asudalyk. Bu ýere kontrollyk edýän wagtlaýyn hökümet.

“Käbir dükanlar häzirem ýapyk. Ýöne mekdepler, uniwersitetler welin açyk. Şäherde gatnaw öňküsi ýaly işläp dur. Ähli zat adaty ýagdaýda. Wagtlaýyn hökümetiň tarapdarlary şindi-de häkimligiň öňünde durlar. Olar Bakyýewiň tarapdarlarynyň ýene hüjüm etmegi mümkin diýýärler” diýip, Akaýew aýdýar.

Ýurduň günorta regionlarynda Bakyýewiň tarapdary köp. Onuň özi öten aý turan gandöküşikli protestler netijesinde ýurtdan gaçyp gitdi. Wagtlaýyn hökümet beýleki ýurtlar tarapyndan resmi taýdan entek ykrar edilenok. Ýöne daşary ýurtlaryň ýokary derejeli resmileri we halkara guramalary wagtlaýyn hökümetiň işgärleri bilen aragatnaşyk saklaýarlar.
XS
SM
MD
LG