Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Köppartiýalyk sistemasyny döretmäge wagt ýetdi”


Prezident Berdimuhamedow Daşoguz şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda çykyş edýär, 14-nji maý, 2010-njy ýyl.
Prezident Berdimuhamedow Daşoguz şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda çykyş edýär, 14-nji maý, 2010-njy ýyl.

14-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde giňişleýin çykyş etdi. Bu maslahtada eden çykyşynda Berdimuhamedow köppartiýalyk jemgyýetçilik syýasy sistemasyny döretmäge wagtyň ýetendigini aýtdy.


Şunuň bilen baglylykda ýurduň prezidenti Türkmenistanyň Mejlisine «Syýasy partiýalar hakyndaky» kanunyň taslamasynyň üstünde işlemegi we ony taýýarlamagy tabşyrdy.

Ýaşulularyň maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Berdimuhamedow Türkmenistanda «Daýhanlar» partiýasynyň döredilmeginiň döwletiň agrar syýasatyny giňden düşündirmek we doly amala aşyrmak boýunça häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigini aýtdy. Bu bolsa ýurduň agrar syýasatyny durmuşa geçirmekde, türkmen jemgyýetiniň tagallalaryny birleşdirmäge, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, Berdimuhamedow çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslaryny berk berjaý etmek we umumymilli «Galkynyş» hereketine işjeň gatnaşmak täze dörediljek partiýa bilidirilýän esasy talaplaryň biri boldy.

«Biziň maksadymyz birdir. Ýöne şol maksada ýetmegiň serişdeleridir usullary dürli-dürli bolup biler. Biziň ählimiz bir maksada gulluk etmelidiris» diýip, Berdimuhamedow öz çykyşynda belledi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG