Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ýaşaýjylaryň öldürilmegine protest bildirildi


Owganystanda ýaranlyk güýçleri tarapyndan parahat ýaşaýjylaryň öldürilmegine garşy geçirilen çäre zorluga öwrüldi.

Gündogar Owganystanda 11 asuda ýaşaýjynyň ölümi bilen bagly geçirilen bu demonstrasiýalarda owgan daýhanlary maşynyň tigirlerini otlap, ýollary bagladylar.

“Roýters” habar gullugynyň beren maglumatynda protest çäreleri geçirilýän Nangahar welaýatynda polisiýanyň demonstrantlara ok atandygy habar berilýär.

Ýerli häkimiýetleriň wekili protesçilerden biriniň heläk bolandygyny “Roýters” habar gullugyna aýtdy.
XS
SM
MD
LG