Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: “Türkmenistan köppartiýaly sistema taýýar”


14-nji maýda Daşoguzda Ýaşulular maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş eden Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň köppartiýalyk sistemasyna geçmäge taýýardygyny aýtdy.

Şeýle hem prezident Berdimuhamedow köppartiýalyk sistemasyny döretmek boýunça kanunyň işlenip düzülmegi barada türkmen parlamentine görkezme berdi.

Ýurtda dörediljek ikinji partiýanyň Daýhanlar partiýasy bolup biljekdigini Türkmenistanyň prezidenti belledi.

Ýaşulular maslahatyna gatnaşmak üçin Daşoguza sapar eden prezident Berdimuhamedow 13-nji maýda Türkmen oba hojalyk institutynyň we beýleki täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Prezident Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatynda eden çykyşynda demokratiýa we adam hukuklary, ýerli häkimiýetler, adwokatura we adwokatlyk işi, Jenaýat kodeksi, ýurduň ykdysady strategiýasy bilen bagly meseleleri gozgady.
XS
SM
MD
LG