Sepleriň elýeterliligi

Ganji: “Eýranda tejribeli, demokratik güýç gerek”


Eýranly žurnlist hem ýazyjy Akbar Ganji

Eýranly žurnlist hem ýazyjy Akbar Ganji

Milton Friedman Baýragy bilen sylaglanmagy mynasybetli tanymal eýranly žurnlist hem ýazyjy Akbar Ganji bilen demokratiýa we Eýranda barýan “Ýaşyl hereket” barada söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi alyp baran Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň habarçysy Golnaz Esfandiary bilen Farda Radiosynyň işgäri Mohammad Zarghami.


Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Berlen bu baýragyň we şular ýaly beýleki sylaglaryň Eýranyň demokratik hereketi üçin näme ähmiýeti bar?

Akbar Ganji: Soňky ýyllarda hökümete degişli däl guramalar we graždan guramalary köp eýranlyny adam hukuklary ugrunda göreşýändikleri üçin sylagladylar. Bu bir ruhy goldaw. Erkinlik, adam hukuklary we söz azatlygy ugrunda göreşýänleriň sylaglanmagy Eýran režiminiň adam hukuklaryny depgileýänligi üçin ýazgarylýandygyny görkezýär. Bu aslynda ýurduň içinde demokratiýa ugrunda göreşýänlere, türmede oturanlara berilýän baýrak.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz 2006-njy ýylda türmeden boşadylyp, Eýrandan çykanyňyzda, ýurda ýene dolanjakdygyňyzy aýdypdyňyz. Häzirem ýakyn geljekde dolanyp bilerin diýip, umyt edýärmisiňiz?

Akbar Ganji: Bir gün ýurduna dolanmak daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylaryň hemmesiniň gündelik arzuwy. Ýöne wagtyny öňünden aýdyp bilmek üçin ýä huday ýa pygamber bolmaly. Men bularyň hiç birisi däl.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz Eýranda ençeme ýyllap adam hukuklary we demokratiýa ugrunda göreşdiňiz. Munuň üçinem agyr baha tölediňiz. Ýurduň daşynda hem şeýle netijeli işläp bilerin diýip pikir edýärmisiňiz?

Akbar Ganji
: Demokratiýa üçin ýurduň içinde göreşmek bilen daşynda göreşmegiň arasynda uly tapawut bar. Maksatlaryň bir bolmagy mümkin. Ýöne çyn göreş ýurduň içinde bolýar. Demokratiýa geçmek üçin bir jemgyýetçilik hereketi gerek. Muny hem ýurduň daşynda döredip bolanok. Ýöne daşardakaň-da hereketiň tabşyryklaryny daşky dünýä ýetirip bolýar. Içerdäkilere kömek edip bolýar. Maglumat berip bolýar. Garaz, edere iş kän.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Siz eýran halky we oppozision hereket Welaýat Fagih prinsipini (ýokary dini ýolbaşçynyň hökümdarlygy) goldanok diýdiňiz. Eýranyň öňki medeniýet ministri Aýatollah Mohajerany “Ýaşyl hereket” bu prinsipi goldaýar” diýýär. Muňa näme diýýärsiňiz? Ol bu hereketiň sözçüsimi?

Akbar Ganji: Her bir adam öz pikirlerini aýdyp biler. Ýöne hiç kim “Ýaşyl hereketiň” sözçüsi däl. “Ýaşyl hereketiň” ýurduň daşynda sözçüsi ýok” diýip oppozisiýanyň ýolbaşçysy Mir Hoseýn Musewi açyk aýtdy. Men Eýran halky Welaýat Fagih prinsipini goldaýandyr öýdemok.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: “Ýaşyl hereketiň” merkezleşdirilen ýolbaşçylygynyň we ýurduň daşynda sösçüsiniň ýoklugy, şol sebäpdenem her kimiň bir zat aýdýanlygy, onuň tarapdarlarynyň we beýlekileriň hereket baradaky düşünjesini garjaşdyrar diýip, pikir etmeýärmisiňiz?


Akbar Ganji: Ýok, asla beýle däl. Hereket ýaňy ýola düşüp gelýär. Onuň bir berk ýolbaşçylygy bolar. Muňa wagt gerek. Bu režimiň şu wagt çökmegi biziň bähbidimize däl. Onuň ýerini almaga berk tejribeli, demokratik güýç gerek. 1979-njy ýylyň rewolýusiýasynda bolan waka gaýtalanmaly däl. Biz öz işimizi dowam etdirmeli. Oppozision şahsyýetler öz garaýyşlaryny we tutumlaryny aýdyň beýan etmeli. Olar bu gün bir zat, ertesi-de başga bir zat aýtmaly däl.
XS
SM
MD
LG