Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ýaşulularyň maslahaty geçirildi


14-nji maýda Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Maslahaty geçirildi. Ýaşulularyň maslahatyna ýurduň Ministrler Kabinetiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, şeýle hem welaýatlaryň, şäherlerdir etraplaryň häkimleri hem gatnaşdylar.


Ýaşulular Maslahatynyň gün tertibinde “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” taslamasy, “Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny, «Tohumçylyk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşinde tassyklamak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakyndaky Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýaşulularyň maslahatynyň jemleýji böleginde ýurduň prezidenti çykyş etdi. Berdimuhamedow öz çykyşynda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasyna” laýyklykda, halkyň hal-ýagdaýy has gowulandyrylyp, ilat iş bilen doly üpjün ediler hem-de bilimi, ylymy ösdürmek üçin, ýaşlary bilimli adamlar edip ýetişdirmek üçin döwlet ähli mümkinçilikleri gaýgyrmaz diýip belledi.

Demokratiýa we azatlyklar


Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatynda
Jenaýat kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar babatda bolsa, bu kodeksde göz öňüne tutulan jeza çärelerini ynsanperwerleşdirmäge synanyşyk edilýändigini ýurduň prezidenti öz çykyşynda belledi.

Prezidentiň sözlerine görä, Jenaýat kodeksine ynsanperwer, rehimli çäreler girizilipdir, köp jeza çärelerini jerime tölemek bilen çalyşmak, jeza möhletlerini azaltmak göz öňüne tutulypdyr hem-de bu çäreleri kanunlaşdyrmak hakdaky işe seretmek üçin Türkmenistanyň Mejlisine tabşyrylypdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda demokratik döwletiň gurulýandygyny, bu döwletiň halkyň hukuklaryny we azatlyklaryny gorajakdygyny nygtady.

Maslahatda ýurduň prezidenti ähli türkmen oba-şäherleriniň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, ýaş zehinleri ýüze çykarmak üçin festiwallaryň geçirilmegi, halky ýaşaýyş jaýlary bilen doly üpjün etmek ýaly işler bilen bir hatarda, has wajyp meseleler hakdaky gürrüňe-de hemmeleriň ünsüni çekdi.

Berdimuhamedow: «Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň döredilmegine-de wagt ýetdi» diýen sözi aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Mejlisine «Syýasy partiýalar hakyndaky» kanunyň taslamasynyň üstünde işlemegi we ony taýýarlamagy tabşyrdy.

Maslahatda eden çykyşynda Berdimuhamedow Türkmenistanda neşekeşligiň düýp-damary bilen ýok ediljekdigini halka habar berdi. Neşekeşligiň garşysyna göreşmäge ýaşululary, ähli halky çagyrdy. Neşekeşleri gowy adamlaryň hataryna goşmak üçin, ýaşlaryň gaýdyp neşekeşlere öwrülmezligi üçin elinde baryny edip göreşjekdigine prezident maslahata gatnaşyjylary ynandyrdy.

Saklanan, garşy ýok

Çykyp geplän ýaşulular, oba höjalyk işgärleri, ýolbaşçy işgärler öz ugurlary boýunça gazanylan üstünlikler barada gürrüň bermek bilen, ýurduň her bir pudagyndaky ösüşleriň prezidentiň goldawy bilen gazanylýandygyny nygtap, ýurt ýolbaşçysyna bu goldawlar üçin minnetdarlyk bildirler.

Ýaşulular her bir ýygynakda, Maslahatda bolşy ýaly, prezidentiň hem-de beýleki çykyş edenleriň sözlerini şowhunly hem güwwüldili el çarpyşmalary bilen goldadylar.

Maslahatyň ahyrynda Berdimuhamedow Ýaşulularyň indiki maslahatynyň Balkan welaýatynda geçiriljekdigini aýtmak bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli, indiki ýylyň oktýabr aýynyň 1-2-nji ongünlüginde Ýaşulularyň maslahatyny Aşgabat şäherinde geçirmekçidigini mälim etdi. Bu maslahatlaryň anyk möhleti soňra mälim ediler.

Ýaşulular maslahatynda garalan “Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet hakynda”, «Tohumçylyk hakynda”, «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hem-de ony rejelenen görnüşinde tassyklamak hakynda”, «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna Türkmenistanyň prezidenti gol çekdi. Bu kanunlar Türkmenistanyň döwlet metbugatynda dolulygyna çap ediler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG