Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda täze stadion açyldy


Daşoguzda gurlup ulanylmaga berlen stadion
Daşoguzda gurlup ulanylmaga berlen stadion

14-nji maýda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynda 10 müň orunlyk stadionyň hem-de 50 orunlyk myhmanhananyň açylyş dabarasy boldy.

Berdimuhamedow täze stadionyň açylyş dabarasynda
Ýurduň baştutany ilki bilen sport toplumynda gurlan myhmanhanany açdy. Elli orunlyk bu myhmanhana sportsmenlere hem-de myhmanlara niýetlenenilip bina edilipdir. Ol ýerde sport lybaslarydyr suwenirler satylýan dükan hem bar.

Myhmanhana bilen içgin tanşanyndan soň, ýurduň prezidenti stadiona gelip, bu ýerde hem lenta kesdi hem-de binanyň içine girip, sport zallarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Berdimuhamedow bu ýerdäki sport zallarynda boksçularyň türgenleşigine we göreş ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Ondan soň prezident täze stadionda guralan aýdym-sazly medeni çärä gatnaşdy. Stadiondaky görkezme çykyşlary tamamlanandan soň, ol ýerde feýerwerkler atyldy.

Daşoguzda gurlup ulanylmaga berlen bu stadion Türkmenistanyň prezidentiniň ýurduň welaýatlarynda sporty ösdürmek barada gol çeken kararynyň netijesinde bina edildi. Şeýle stadionlar geçen ýylyň dowamynda ýurduň beýleki welaýatlarynda hem gurlup ulanylmaga berildi.

Käbir ýerli synçylar hazirki wagtda döwletiň pulunyň uly möçberiniň gymmat bahaly hem gerekmejek gurluşyklara sarp edilýändigini öňe sürýärler. Emma welaýatlarda sosial maksatly desgalaryň gurulmagyna oňyn garaýanlar hem az däl.

Geçen ýylyň ahyrynda kabul edilen Türkmenistanyň 2010-njy ýyl üçin 16 milliard dollarlyk döwlet býujetinde gurluşyk işleri üçin 12 milliard dollar göz öňünde tutuldy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG