Sepleriň elýeterliligi

Ýakynda Türkmen döwlet habarlar gullugynyň ýaýradan maglumatyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugy bilen Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Ýaşlyk» telekanalynyň başlygy Abaýew Begenç Emirgulyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de telekanalyň işini guramakda goýberilen kemçilikler gaýtalansa, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.


Begenç Abaýew wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, döwlet telekanaly boýunça habarlary bermegiň kesgitlenen tertibiniň bozulmagyna ýol berenliginde günäkärlenýär. Ýöne hakykatda welin, Begenç Abaýewiň alan bu berk käýinji gaty geň hadysa bilen bagly.

«Ýaşlyk» telekanaly beýleki türkmen telekanallaryna garanyňda, gepleşikleriň arasynda öz zastawkasyny yzygiderli berýär. Ol zastawkalaryň birinde bolsa, ýaşlygyň, juwanlygyň nyşany hökmünde ýaşyl alma pyrlanyp gelýär we ol almanyň ýüzünde «Ýaşlyk» diýlip ýazylýar. Bu zastawkany ýokarky ýolbaşçylar «Apple» firmasynyň söwda markasyna meňzetdiler we hut şu zastawka üçinem «Ýaşlyk» telekanalynyň başlygy Begenç Abaýewe berk käýinç berdiler.

Dogrudanam, bu zastawka «Apple» firmasynyň söwda markasyna meňzemänem duranok. Ýöne, onuň ekranda görkezilip ýörenine üç aý töweregi wagt geçensoň, telekanalyň başlygyna berk käýinç berilmegi köpleri geň galdyrdy.

Dogrusyny aýtsaň, bujagaz kiçijik meseläni telewideniýäniň Baş müdirliginiň derejesinde hem çözüp bolardy. Telewideniýäniň bir kanalyndaky kiçijik säwlik üçin wakany ýurt baştutanynyň derejesine çykarmak juda ownuk görünýär.

Geliň, bizem Türkmen döwlet habarlar gullugynyň ýaýradan maglumatlaryna ynanan bolalyň hem-de telekanalyň başlygy Begenç Abaýewiň käýinç almagynyň sebäbini «tertibi bozulan habarlar» diýip düşüneliň.

Mesele diňe tertibiň bozulmagymy?

Eýsem-de bolsa, «Ýaşlyk» telekanalyndaky kemçilikler diňe bir habarlary bermegiň kesgitlenen tertibiniň bozulmagymyka?!

Bütin Türkmen telewideniýesiniň ähli gepleşikleriniň gowşak bolşy ýaly, «Ýaşlyk» telekanalyndaky gepleşikler hem ýaşlary özüne çekip bilmeýär. Onda ýaşlar gyzyklanyp görer ýaly, ýaşlar öwrener ýaly, ýaşlar görelde alar ýaly hiç hili gepleşik ýok. «Ine, şu gepleşik boljak» diýip, biriniň ady tutular ýaly ýa-da ekranyň öňünde dört göz bilen garaşar ýaly däl. Ýa-ha haçan görseň, ondan-mundan ýazylyp alnan futbol oýunlary görkezilip durandyr, ýa-da lenji çykan gepleşikler.

Köplenç Orsýet telewideniýesindäki «Jadyly mukam» «Täsinlikler dünýäsi» ýaly gepleşikleriň türkmenleşdirilen wariantlary görkezilýär. Ýaşlara degişli teleoýun görmersiň. Haçan görseň, elli-altmyş ýaşly artistler akyla sygdyryp bolmajak ýuwan hereketler bilen şol, biri-birini gaýtalap ýörler. Yzy gutarmaýan, şeýle bir uzyn hem manysyz «oýunlar» görkezilýär, ol oýna oýny goýýan režissýoryň özi düşünýän bolsa-da, uly üstünlik boldugy. Kä wagt hem dünýä ýurtlarynyň çem geleniniň düşüren terjime kinolary berilýär. Käteler düýeleri, goýunlary nädip bakmaly, nädip mallar üçin ot ýygmalydygy hakda çaga oýunlary ýaly sýužetler görkezýärler. Diňe «Ýaşlyk» telekanalynyň däl, eýsem, bütin telewideniýäniň gepleşikleriniň segsen prosentini şeýle sýužetler, çykyşlar tutýar.

Ýaşlaryň başyndaky işsizlik, okuwsyzlyk, öýsüzlik, ýat illerde türkmen ýaşlarynyň sergezdan bolup ýörüşleri baradaky gepleşikler Türkmen telewideniýesiniň «Ýaşlyk» telekanalynda asla berilmeýär. Munuň üçin «Ýaşlyk» telekanalynyň başlygy hem günäkär däl, onuň işgärleri hem.

Telewideniýede çykyş etmeli adamlar çäklendirilen. Görkezmeli oýunlar çäklendirilen. Ol temadan gepleşik guramak bolanok, bu temadan gepleşik guramak bolanok. Ony görkezmek bolanok, muny görkezmek bolanok. Ony işe almak bolanok, muny işe almak bolanok.

Ekranyň ýüzüni garaz bir sudurlar bilen dolduryp bilýändikleri üçin telekanalyň işgärlerine berekella aýdasyň gelýär.

Döwlet Hojamedow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG