Sepleriň elýeterliligi

Taýlanddaky protestlerde ýene 8 adam heläk boldy


15-nji maýda Taýlandyň premýer-ministri Abhisit Wejjajiwa ýerli telewidiniýede eden çykyşynda ýurtda dörän durnuksyzlygy, gan döküşikligi mümkin boldugyça azaldyp, ýagdaýy kadalaşdyrmaga synanyşýandygyny aýtdy.

Bu ýurtdaky ýagdaý barada berlen maglumatda häkimiýetleriň Bankogyň merkezini “atyş zonasy” diýip yglan edip, şol ýere proteste çykanlaryň esgerler tarapyndan oka tutuljakdygyny öňünden duýdurandyklary aýdylýar.

Taýlandyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugynyň beren maglumatlarynda şenbe günindäki protestlerde ýene azyndan 8 adamyň heläk bolup, 50-den gowragynyň ýaralanandygy aýdylýar.

Özlerini “Gyzyl köýnekliler” diýlip atlandyrýan protestçiler Taýlandyň häzirki hökümetiniň bikanun häkimiýet başyna geçendigini aýdyp, täze saýlawlaryň geçirilmegini talap edýärler.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Mun ok atyşyklygy bes etmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG