Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň şäherlerinde asudalyk saklanýar


14-nji maýda Oş, Batken hem Jelalabad şäheriniň häkimlikleriniň binalary gaýtadan wagtlaýyn hökümetiň gözegçiligine geçirilendigi baradaky habar ýaýradylanyndan soň, halkara jemgyýetçiligi Gyrgyzystany asudalygy saklamaga çagyrdy. Şeýle çagyryş bilen BMG, ÝB, ABŞ hem Orsýet gyrgyz häkimiýetlerine ýüzlendi.

13-nji maýda agzalýan şäherleriň häkimlikleriň binalary gysga wagtlaýyn Bakyýewiň tarapdarlary tarapyndan basylyp alnypdy.

Gyrgyz häkimiýetleri Jelalabatda tertip-düzgüne gözegçilik eder ýaly halk arasyndan 2 müňe golay meýletinçileri bu ýere iberjekdigini mälim etdi.

14-nji maýda gyrgyz häkimiýetleri bidüzgünçilikleriň ýüze çykan regionlaryndaky ýagdaýyň kadalaşandygyny habar berdiler.

15-nji maýda ir bilen Bakyýewiň tarapdarlary asuda demonstrasiýalary geçirip, hiçbir dawa-jenjelsiz öýli-öýlerine dargadylar diýlip, habar berilýär.

14-nji maýda Jelalabad welaýatynda bolan bidüzgünçiliklerde 2 adam heläk bolup, 60-a golaý adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG