Sepleriň elýeterliligi

Eýrana garşy sanksiýalaryň giriziljekdigi çaklanylýar


Waşington we Moskwa Eýrana garşy täze sanksiýalaryň girizilmeginiň öňüni alyp bolmajakdygyny çaklaýarlar.

Braziliýanyň prezidenti bilen bolan duşuşykda Orsýetiň prezidenti Medwedew Eýrany halkara jemgyýetçiliginiň talaplaryny ýerine ýetirmäge yrmak mümkinçiliginiň 30%-den köp däldigini aýtdy.

Häzir Orsýete resmi sapar bilen baran Braziliýanyň lideri Luiz Inasio Lula Da Silwa 16-njy maýda Eýrana barmagy planlaşdyrýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton hem Eýrana garşy sanksiýalaryň 4-nji tapgyry girizilmänkä, Eýranyň şol sanksiýalaryň öňüni almak üçin möhüm hereketlere geçjekdigini güman edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG