Sepleriň elýeterliligi

Medwedew bilen Kameron telefon arkaly gepleşik geçirdi


Orsýetiň prezidenti bilen Britaniýanyň täze premýer-ministri özara telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösdürilmegi boýunça hereket etmäge ylalaşdylar.

Bu gepleşik barada Kremliň ýaýradan maglumatynda Medwedewiň Deýwid Kamerony bu wezipä geçmegi bilen gutlap, oňa üstünlik arzuw edendigi aýdylýar.

Bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar öňki KGB-niň işgäri, Kremliň tankytçysy Aleksandr Litwinenko 2006-njy ýylda Londonda zäherlenip öldürilenden soň ýaramazlaşypdy.
XS
SM
MD
LG