Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bütindünýa Saglyk Guramasynyň ýakynda ýaýradan maglumatynda her ýylda bäş ýaşyna ýetmänkä ýogalýan takmynan 9 million çaganyň 68%-niň ölümine öýken çişmesi, içgeçme, gyzzyrma ýaly keselleriň sebäp bolýandygy aýdylýar.


Bu maglumata görä, bäş ýaşa ýetmänkä ýogalýan çagalaryň 41%-i ömrüniň ilkinji bir aýynyň dowamynda heläk bolýar. Ýaş çagalaryň ölümine esasan pnewmoniýa, ýagny öýken çişmesi keseli sebäp bolýar. Bu keselden ýylda bir ýarym milliona golaý çaga ölýär. Içgeçmeden 1 million 300 müň, gyzzyrmadan-da her ýylda 730 müň çaga ýogalýar.

Şol bir wagtda-da geçen asyryň 90-njy ýyllary bilen deňeşdirilende, bäş ýaşa ýetmän heläk bolýan çagalaryň sanynyň 30 % azalandygy, bu ugurda öňegidişligiň bardygy bellenilýär.

Türkmenistanda ýagdaý nähili?

Ýakynda Bütindünýa Saglyk Guramasy tarapyndan ýaýradylan 2010-njy ýyl boýunça Saglygy saklaýyşyň dünýa statistikasynda 2008-nji ýyl boýunça berlen maglumatlarda Türkmenistanda bäş ýaşa ýetmän heläk bolýan çagalaryň 3%-niň içgeçmeden, 14%-niň wagtyndan öň doglandygy sebäpli, 17%-niň doglanda çaga ýetirilen şikesden, 28%-niň kemisli dogulmakdan heläk bolýandygy aýdylýar.

Şeýle hem ýogalýan neresseleriň 3%-niň ölümine bakterial keselleriň, galan ýagdaýlarda-da beýleki problemalaryň sebäp bolýandygy bellenilýär. Mysal üçin, Türkiýede bäş ýaşa ýetmedik çagalaryň diňe 3%-niň ölümine çagalaryň kemisli dogulmagy sebäp bolýar. Türkmenistanda bu san - 28%, diýmek, Türkiýedäkiden dokuz esse ýokary.

Bu san goňşy Täjigistanda 9% bolsa, Özbegistanda hem ýokary bolup, bäş ýaşa ýetmän ölýän çagalaryň dörtden biriniň ölümine olaryň kemisli dogulmagy sebäp bolýar.

Sebäp näme?

“Türkmenistanda şeýle köp çaganyň ölümine olaryň kemisli dogulýandygynyň sebäp bolmagy ýurtda neşekeşligiň giňden ýaýranlygy we medisina işgärleriniň bilim derejesiniň pesligi sebäp bolup biler. Bu ýetmezçilikler kemisli doglan çagalary halas etmek mumkinçiligini pese gaçyrýar” diýip, türkmenistanly lukman aýdýar.

Bu hasabata görä, Türkmenistanda 15 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky her müň erkek kişiden 1990-njy ýyllarda 301 adamda heläk bolmak howpy ýokary bolan bolsa, 2008-nji ýylda bu san ozalkydan 76 san artyp, erkek kişileriň ölüm koffisenti her 1000 adama 377-ä ýetdi.

Goňşy Özbegistanda, eger-de 1990-njy ýylda bu san 250-ä deň bolan bolsa, soňra has pese düşüp, häzirki wagtda bu ýurtda 15 ýaşdan 60 ýaşa çenli aralykdaky her müň erkek kişiden 223-niň üstüne agzalan ýaşlarda ölmek howpy abanýar.

Erkek kişileriň arasynda heläk bolýanlaryň sanynyň artmagyny hem ýerli synçylar neşekeşligiň ýaýramagy bilen baglanyşdyrýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG