Sepleriň elýeterliligi

Tähranda tussag edilen fransuz raýaty azat edildi


Şu gün Eýranyň häkimiýetleri geçen ýyl Tährandaky protest çykyşlarynda aýyplanylyp tussag edilen fransuz raýaty Klotidle Reýssi Fransiýa ugratdylar.

24 ýaşly fransiýaly mugallyma Klotidle Reýssiň öz ýurduna goýberilmegi üçin Eýranda 282 müň dollar jerime tölemeli bolandygy habar berilýär.

Ýöne Fransiýanyň daşary işler ministri Bernard Kuşner Klotidle Reýssiň azat edilmegi üçin Eýrana nähilidir bir pul tölenendigini ret etdi.

Geçen ýylyň iýunynda Klotidle Reýssiň tussag edilmeginiň yzy bilen, Eýran bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklar belli bir derejede dartgynlaşypdy.
XS
SM
MD
LG