Sepleriň elýeterliligi

Timoşenkony soraga çekmek prosesi yza süýşürilýär


Şu gün Ukrainanyň prokuraturasy ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkony resmi ýagdaýda soraga çekmek prosesini birneme yza süýşürýändigini mälim etdi.

Ozalky plana görä, Ýuliýa Timoşenko şu hepdäniň duşenbe güni, 17-nji maýda prokuraturada sorag edilmelidi. Ýöne şol gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Ukraina sapar edýändigine görä, bu çäre yza süýşürildi.

Bu sorag edişligiň indi anyk haçan geçiriljekdigi barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko ýurduň Ýokary sudunyň sudýalaryna para hödürlänlikde aýyplanylýar.

Bu iş boýunça ilkinji gezek 2004-nji ýylda jenaýat işi gozgalypdy. Ýöne ol iş soňra 2005-nji ýylda ýatyrylypdy.
XS
SM
MD
LG