Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde wagtlaýyn hökümete goldaw ýörişi geçirildi


Şu gün Gyrgyzstanyň «Aýkel» atly ýaşlar topary ýurduň häzirki wagtlaýyn hökümetiniň işine raýdaşlyk bildirip, Bişkek şäherinde goldaw ýörişini geçirdi.

Müňe golaý adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu ýörişde demostrasiýaçylar «Biz agzybir we durnukly Gyrgyzystanyň tarapdary», «Gyrgyzystanyň demirgazygam, günortasam hemmämize degişli», «Banditleriň jaýy türme» diýen ýaly şygarlar ýazylgy plakatlary göterip, şäheriň merkezi koçesinden geçdiler.

Bu ýörişleriň barşynda ýurduň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Roza Otunbaýewa ýöriş geçijileriň bir topary bilen duşuşyp, olara hökümeti goldaýjy çagyryşlary üçin sagbolsun aýtdy.
XS
SM
MD
LG