Sepleriň elýeterliligi

Käbir ýazyjylaryň çeper eserlerinde haýwanlaryň eldekileşdirilip, gazyga daňlyp saklanmasyny olar üçin erkinligiň gysylmasy hökmünde suratlandyrylýan-da bolsa, adamyň howandarlygynda gezmegi islendik haýwan üçin gowy ýaly bolup dur. Aýazly gyşlarda, jokrama yssylarda ýabany haýwanlaryň tebigatyň ýowuzlyklaryna duçar bolmagy, iýmit gözlegleri olaryň jebir çekmelerine sebäp bolýar. Elde saklanyp, eldekileşdirilýän haýwanlar bolsa, garaz, adamlaryň howandarlygynda bolýarlar. Hojaýynlar olara wagtly–wagtynda iýmit berýär, gyşda penalanar ýaly ýatak, ketek, agyl, jaý berýär. Onuň üşemezligi üçin alada edýär.

Itler meselesinde-de şeýle. Adamlaryň itleri haýsy döwürlerden bäri eldekileşdirip, öý sakçysy hökmünde saklap başlany belli däl, ýöne olar biziň günlerimizde hem adamzadyň dosty hökmünde adamlaryň öýlerinde ýaşaýarlar.

Özleriniň dört aýakly dostlaryna kimler örän eserdeňlik bilen seredýärler. Olary wagtly-wagtynda ýuwup-ardýarlar, kesellemez ýaly sanjym etdirýärler, tertip boýunça hökümetde hasapda goýýarlar. Türkmenistanda it saklaýanlar üçin ýörite salgyt görnüşi bar. Bu ýagdaýlar iti tertipli saklaýanlar hakda.

Iti it durmuşy bilen saklaýanlar welin örän köp. Şeýle adamlar ne bir itleri gyşda penalara jaýjagaz edýärler. Ne bir wagtly-wagtynda itlerini naharlaýarlar. Tapan güni bir bölek süňki oklaýar, tapmadyk güni iti ýadyna-da düşenok. Onsoň, şeýle hojaýynlaryň itleri bir gün öz gapysyndan iýse, ýüz gün özgeleriň gapysynda kaňkaýar, müň günem zir-zibil taşlanýan hapaçylyklarda entäp, hapa zyňlan iýmitleri dörüp iýýärler. Beýle itler çalt keselleýärler, gotur açýarlar, hatda guduzlaýarlar. Ol itler «öz öýlerine» dolanyp gelende özleriniň hapaçylykdan tapyp gelen kesellerini çagalara-da geçirýärler. Türkmenleriň köpüsi çagalary itleri at münen ýaly münüp, ogşap, oýnap otursa-da zat diýmeýär. Şeýle ýagdaýda hapa itleriň keselleri çagalara, çagalardan ululara çalt geçýär.

Neşekeşleriň iti

Neşe söwdasyny edýänler eşek ýaly uly itleri edinmegi endik edindi. Sebäbi şeýle itler neşe söwdagärini tutmaga gelenleri birbada öýe goýbermän saklamak üçin amatly. Halkyň aglaba bölegi bolsa neşekeşler öýlerine ogurlyga gelmez ýaly kiçijik gürji güjüklerini saklaýarlar. Ol güjükler öý eýelerine del kişiniň gelenini habar bermekde uly rol oýnaýarlar. Neşekeşleriň we neşe söwdagärleriniň köpelmeginiň netijesinde diňe bir oba ýerlerinde ýa-da şäherleriň howly jaýlarynda däl, hatda etaž jaýlarda hem it saklaýarlar.

Şeýle ýagdaýlar goňşynyň goňşa bolan sylagyny-da gaçyrýar. Soňky wagtlar goňşy gatnaşyklary, goňşy sylaglary-da galyp barýar. Sebäbi gijesi bilen itini üýrdüp çykýan goňşy bilen islense-islenmese, itsiz goňşular sögüşmeli bolýarlar. Kim irden işe gitmeli, kimiň öýünde näsag bar, kimiň öýünde kiçi ýaşly çaga bar, garaz, itler hemmelere päsgel berýärler. Sebäbi itler gijesine diňe üýrüp çykýarlar, gündizlerine bolsa ýatýarlar. Gündiz hem kaňkap, ötüp-geçýän ulyny-kiçini ýaryp, kowalap ýören itler kän.

Soňky döwürlerde guduzlan itlere ýardyryp, keselhanalara düşýän adamlar az gabat gelmeýär. Itleriň köpüsi uly maşyn ýollaryndan geçjek bolup, maşyn tekerleriniň aşagyna düşüp ölýärler.

Ýene bir ýagdaý

Itler meselesinde ýene bir howply ýagdaý döredi. Işsizligiň artmagynyň netijesinde eşek ýaly ululykdaky itleri saklap, it uruşdyryp oýnaýanlar köpeldi. Beýle itleriň eýesiniň elinden sypaýdygy, gabadyna geleni ýuwutjagy ikuçly däl.

It ýygnaýan edaralaryň işgärleri öňki döwürler köçelerde, zir-zibil dökülýän ýerlerde kaňkaşyp ýören itleri basyp ýygnaýardylar. Birki ýyllykda welin, bu edaranyň işgärleri diri itleri ýygnamakdan ýüz öwürdiler. Olar diňe ölen itleriň maslyklaryny ýygnap oňdular.

It dişläp keselhanalara düşýänleriň köpelenindenmi, ýa-da hapa dörüp ýören itlerden keselleriň köp ýaýraýanyna akyl ýetirildimi, garaz, şu ýylyň ýazyndan kaňkap ýören itler ýene ýygnalyp ugraldy. Hatda şäher hem etrap häkimleri öz gözegçiligindäki territoriýalary aýlanyp, köçelerde itleriň näçeräkdigini bilmäge çykdylar hem-de kommunal hyzmaty edaralaryna eýesiz kaňkap ýören itleriň soňuna çykmak barada görkezme berdiler.

Häzirki günlerde eýesiz itler hem-de gowy gözegçilikde saklanmaýan öý itleri ýygnalyp başlandy. Bu çäreler çagalaryň çagalar baglaryna hem-de mekdeplere arkaýyn gatnamagyna uly ýardam eder. Ýogsam bolmasa, ykmanda itleriň köplügi sebäpli, köp halatda ýakynjakdaky çagalar bagy bilen mekdebe-de çagalary ene-atalar äkitmeli bolýarlar.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG