Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Taýlandly protestçiler gepleşige çagyrýar


Taýlandyň «Gyzyl köýnek» protestçileri hökümet bilen üç güne uzan köçe söweşlerinden soň, BMG-niň araçylyk etmeginde gepleşik geçirmäge çagyrdylar. Bu söweşlerde azyndan 33 adam ölüp, 239 adam ýaralandy.

Gyzyl köýnekleriň lideri Nattawut Saýkua protestçileriň, hökümet goşunlaryny köçeden çykarsa, BMG-niň araçylyk etmegindäki gepleşiklere goşulmaga isleg bildirýändigini aýtdy.

Muňa garamazdan, hökümet daşary ýurt hökümetleriniň we guramalarynyň öz içki işlerine goşulmazlygyny gaýta-gaýta duýdurdy.

Taýland harbylary Baňkogyň käbir böleklerine komendant sagadyny girizjegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG