Sepleriň elýeterliligi

Janyndan geçen bombaçy polisiýa hüjüm edýär


Motorly bombaçy Kandaharda serhet polisleriniň ýaşaýan ýeriniň derwezesine golaý gelip, özüni partlatdy.

Kandaharyň polis başlygy Şer Mohammad Zazaý bu hüjümde azyndan 3 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Zelmaý Aýýuby janyndan geçen bombaçylaryň ýene ikisiniň polisleriň ýaşaýan ýerine gelip girendigini, ýöne olaryň guşaklaryndaky bombany partladyp ýetişmänkäler atylyp öldürilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG