Sepleriň elýeterliligi

Timoşenkonyň soraga çagyrylmagy soňa goýuldy


Ukrainanyň adalat resmileri ozalky premýer ministr Ýuliýa Timoşenkonyň soraga çagyrylmagyny yza süýşürdiler. Ol 2004-nji ýylda boldy diýilýän para işi babatda sorag edilmeli.

Timoşenko sülçüler bilen duşenbe güni duşuşmalydy, emma bu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Ukraina gelýän gününe gabat geldi.

«Ukrianskaýa Prawda» gazeti soraga çagyrmagyň yza çekilmegine sülçüleriň biriniň gyssagly resmi sapara gitmegi sebäp boldy diýýär.

Sülçüler bilen duşuşygyň täze wagty aýdylmady.

Ukrainanyň baş prokurory Timoşenkonyň Ýokary suduň sudýalaryna para berenligi baradaky aýyplama seredýär.
XS
SM
MD
LG