Sepleriň elýeterliligi

Medwedew gaz gepleşikleri üçin Kiýewe gelýär


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew şu gün iki günlük sapar bilen Ukraina gelýär.

Gepleşikler Orsýetiň energiýa läheňi Gazprom bilen Ukrainanyň Naftogaz kärhanasyny birleşdirmek hakynda bolar öýdülýär.

Ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç ilki bu teklip Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin tarapyndan aýdalanda, oňa özüniň geň galandygyny aýdypdy.

Fewral aýynda Ýanukowiç prezident saýlanaly bäri Moskwa bilen hyzmatdaşlyk çalt depginde ösýär.

Oppozisiýa ony ýurduň özbaşdaklygyny howp astyna salmakda aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG