Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda zamun alnan 60 adamyň 50-si azat edildi


Sebit resmisi Mumtaz Hanyň aýtmagyna görä, şenbe güni Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda güman edilýän jeňçiler tarapyndan zamun alnan 50 ýa 60 adam azat edildi.

Kurram sebitinde aýry-aýry iki ýerde jeňçiler 60 adamy ele saldylar.

Erli tire ýaşulusy Hamidulla Han jeňçileriň 40 adamy boşadandygyny, 10 adamyň bolsa özleriniň gaçyp gutulandygyny aýtdy.

Zamunlukda saklanýan galan 10 adam Pakistanyň elektrik kompaniýasynyň işgärleri bolmaly.

Hamidulla Han Talyban jeňçileriniň olary diňe şahsyetlerini anyklamak üçin saklaýandyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG