Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sarkozi Eýranda tutulan fransuz alymynyň boşadylmagyny gutlaýar


Fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi Braziliýanyň, Senegalyň we Siriýanyň liderlerine Eýranda türmä basylan ýaş fransuz alymynyň azat edilmeginde oýnan aktiw rollary üçin sagbolsun aýtdy.

24 ýaşly fransuz mugallymy Klotilde Raýs Eýranda iýun aýynda bolan dawaly prezident saýlawlaryndan soňky protestlere goşulmakkda aýyplanyp türmä basyldy. Sarkozi ony Parižde kabul etdi.

Ol şenbe güni, 285 müň dollar jerime tölenenden soň azat edildi.

Fransiýanyň daşary işler ministri Bernard Kuşner onuň boşadylmagy üçin töleg tölenmändigini aýdyp aýak depdi.

Raýsyň tussag edilmegi Eýran bilen Fransiýanyň arasyndaky dartgynlygy ýokarlandyrdy.
XS
SM
MD
LG