Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşulular maslahaty taryha ýazylmady


Geçen anna güni köp garaşdyran Ýaşulular maslahaty geçirildi. Eýse, ol türkmen jemgyýetinde bar bolan köp umytlary näderejede ödedi?

Ozaldan çak edilişi ýaly, bu çäre resmi propagandanyň öňünden taýýarlan atmosferasyna laýyklykda geçdi. Ondaky ähli zat, ol ýa-da beýleki bir görnüşde, ahyrsoňy diňe bir maksada, ýagny häkimiýetiň ähli ugurlarda «gazanan» üstünliklerini jar etmek maksadyna gulluk etdirildi.

«Ýeňişler şowhunynyň» äheňi heniz maslahat başlamazyndan birnäçe aý öňünden giň gerim alypdy. Köp zatlara umyt oýaran bu şowhunyň astynda-da hut Ýaşulular maslahatynda garaşylýan möhüm bir wakanyň boljakdygy barada ilat arasynda myş-myşlar peýda boldy. Ýagny, köp adamlar häkimiýet başynda özüni indi birneme ynamly duýýan Gurbanguly Berdimuhamedow Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda gözenegiň aňyrsyna atylan syýasy tussaglara ahyrsoňy günä geçişlik yglan eder diýip garaşypdylar. Bu baradaky myş-myşlar bolsa, Ýaşulular maslahatynda syýasy partiýalar we oppozisiýa barada anyk meseleleriň-de gozgaljakdygy hakynda ýaýran maglumatlar arkaly has hem berkidildi.

Ýöne bu baradaky umytlar ýerliksiz bolup çykdy. Bu gezekki Ýaşulular maslahaty Türkmenbaşynyň öz şahsy duşmanlary hökmünde garan we iň bir rehimsiz hökümler bilen jeza beren adamlaryny halas ediji forum hökmünde taryha ýazylmady.

Oppozisiýa hem agzalmady


Aslynda bu maslahatda oppozisiýa temasy hem agzalmady. Oňa derek Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýene-de bir partiýa döretmek ideýasyny öňe sürdi. Bu baradaky çykyşda bolsa häkimiýetiň öz döretjek bolýan zady bilen baglanyşykly uly gorky-howatyrlanmalary hem ýanlandy.

Geljekki partiýanyň alyp barjak işlerini dessine belli bir çygra gabadylar. Ol dörediljek partiýa daýhanlar partiýasy bolmaly. Ol partiýa heniz döredilip başlanmanka, oňa eýýäm «Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslaryna» berk eýermelidigini duýdurdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, bu dörediljek partiýa «Döwletiň oba-hojalyk syýasatyny düşündirmek we ony durmuşa geçirmek» bilen meşgullanar.

Ýakyn geljekde halkara synçylary türkmen prezidentine dolandyryşyň ýene-de bir nobatdaky agitasiýa-propaganda ryçagynyň nämä gerek bolandygy barada, megerem, köp oýlansalar gerek. Eýse, Berdimuhamedowa häkimiýetiň häzirki bar bolan dolandyryş mehanizmleri kemterlik edýärmikä?

Halkara metbugatynda bu soraga jogabyň käbir wariantlary peýda boldy. Bu garaýyşlaryň käsine gorä, «Demokratik» we «Daýhanlar» ady bilen iki sany partiýanyň bir wagtyň özünde bolmagy ýurduň ýolbaşçylarynyň özboluşly bir pragmatik plany bolup durýar.

Orsýetiň «Wremýa nowosteý» gazeti Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän “Transhazar” gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek meselesiniň esasan Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankyna baglydygyny bellemek bilen, bu bankyň hem soňky wagtlar diňe syýasy taýdan açyk ýurtlar bilen işleşmäge ýykgyn edýändigini ýazýar.

Bir okda iki towşan

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň hökümeti, gödegräk aýdylanda, «Bir okda iki towşan awlaýar». Ýagny, hökümet ýurtda iki sany partiýany esaslandyrmak bilen, bir tarapdan, syýasy erkinlige ýol açan kişi bolýar, beýleki tarapdan bolsa, türkmen daýhanlarynyň üstünden öz gözegçiligini güýçlendirýär.

Ýöne Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň bu «öňdengörüjiligine» garamazdan, ýurtda ikinji bir partiýanyň ýüze çykmagynyň özi indi Türkmenistanda köne sistemanyň ösüşi üpjün edip bilmeýändigine özboluşly şaýatdyr. Diňe bir ösüşi üpjün etmek hem däl-de, eýse munuň özi häzirki režimiň öz başyny çarap bilmeýändigini hem görkezýär. Ýagny, başgaça aýdylanda, ol öz içinden çüýreýär. Neşe meselesi bilen baglanyşykly kanuny goraýjy organlarda ýüze çykan soňky korrupsiýa problemalary munuň şeýledigini ýene bir gezek subut edýär.

Häkimiýetiň hiç bir hili gazaply usuly ony öz içinden çüýremekden halas edip bilmeýär. Çünki gazaplylyk, bir tarapdan, häkimiýetiň öňünde gorky döretse, beýleki tarapdan, ol häkimiýete bolan hormaty gaçyrýar.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG