Sepleriň elýeterliligi

Hındistan ballistik raketany synagdan geçirdi


Hindistanyň Goranmak ministrliginiň bir resmisiniň aýtmagyna görä, şu gün Deli orta aralyga ýetýän ballistik raketany synagdan geçirdi.

Agni-2 atly şol raketa 2000 kilometer aralyga çenli uçmaga ukyply.

Synag Hindistanyň günortasynda ýerleşýän Orrisa ştatynda amala aşyryldy.

Bu raketa ýadro ýaraglaryna eýe bolan Hytaý we Pakistana garşy Hindistanyň armiýasy tarapyndan öndürilen raketalardan biridir.

Agni-2-niň mundan öňki geçirilen synaglary şowly bolmandy.
XS
SM
MD
LG