Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda ýolagçy uçary heläkçilige uçrady


Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Gunduz welaýatyndan paýtagt Kabula barýan we jemi 43 ýolagçysy bolan uçar şu gün Hindiguş daglarynda heläkçilige uçrady.

Uçar Owganystanyň Pamir howaýollaryna degişli.

Bu wakada bolan ölüm-ýitim hakda häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.

Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, uçarda daşary ýurtlylar hem bar.

ABŞ we NATO güýçleriniň metbugat wekilleri Owganystanda ýerleşýän parahatçylygy goraýjy halkara güýçleriniň owgan kärdeşlerine ýardam etmek üçin şol ýere uçar we beýleki enjamlary iberenligini habar berdiler.
XS
SM
MD
LG