Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ekspertler NATO üçin teklip hödürlediler


“NATO Owganystanda alnyp barylýan urşy ýeňmeli, Orsýet bilen aragatnaşygyny artdyrmaly, Eýranyň raketalaryndan abanýan howpa garşy çäre görmeli hem-de gurama agza 28 ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmeli”.

Bu sözler NATO-nyň geljegi boýunça 12 agzadan ybarat ýokary derejeli ekspertler tarapyndan hödürlenen teklipde aýdylýar.

Bu topar ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Madeline Albraýtyň ýolbaşçylygynda iş alyp barýar. Bu teklipler şu gün Bruýsselde yglan edildi.

“Meniň pikirimçe, NATO 21-nji asyrda öz alyp barýan işlerine käbir sazlaşyklyklar girizmeli. Sebäbi häzirki döwürde abanýan howplar başgaça. Men ony “içen kasamymyzy gaýtalamak” diyip atlandyrýaryn. NATO 21-nji asyryň howpunyň bu gurama agza ýurtlaryň liderleriniň bölünmegine we kollektiwiň gowşamagyna ýol açmagyna rugsat berip bilmez. Meniň pikirimçe, häzirki döwürde biziň kimdigimize we geljekde nähili işler alyp barjakdygymyza göz ýetirmek nukdaýnazaryndan bu möhüm bolup durýar” diýip, Albraýt aýtdy.

NATO-nyň Baş sekretary Andris Fog Rasmussen şu günki ýaýradylan teklipleriň guramanyň häzirki gün ýüzbe-ýüz bolup duran kynçylyklaryna ünsi çekýänligini aýtdy.
XS
SM
MD
LG