Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Ukraina resmi sapar bilen bardy


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew iki günlük resmi sapar bilen Ukraina bardy.

Synçylaryň aýtmagyna görä, bu sapar iki ýurduň gatnaşyklarynyň barha artyp barýanlygyny aňladýar.

Orsýetiň prezidenti Medwedew bilen Ukrainanyň prezidenti Ýanukowiç geçen aý Orsýetiň Gara deňizdäki harby bazasynyň möhletini uzaltmak boýunça ylalaşyga gol goýupdylar. Onuň deregine, Orsýet Ukraina satýan gazynyň bahasyny azaltmaga razy bolupdy.

Medwedewiň bu saparynyň dowamynda liderleriň bu iki ýurduň serhetlerini kesgitlemek bilen bir hatarda, ýadro boýunça hyzmatdaşlygy hem öz içine alýan ençeme şertnamalara gol goýmaklaryna garaşylýar.

Ýakynda Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin bu iki ýurduň döwlet eýeçiligindäki gaz kompaniýalarynyň birleşdirilmegini teklip edipdi.

Emma bu barada Ýanukowiçe salgylanylyp çap edilen habarlarda, diňe deň-hukukly şärik diýlip kabul edilen halatynda, Kiýewiň şeýle teklibe oňyn garap biljekdigini aýdanlygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG