Sepleriň elýeterliligi

Baku bilen Ankara gaz boýunça ylalaşyga gol goýar


Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasyndaky gaz hyzmatdaşlygy bilen bagly ylalaşyga Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň iýun aýynyň 7-8-ne Ankara etjek saparynyň dowamynda gol goýuljakdygy aýdylýar. Bu habary Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugy ýaýratdy.

Mundan ozal azeri resmileri Türkiýä akdyrylýan azeri gazynyň bahasyny kesgitlemek boýunça dokumente Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň şu gün Bakuwa edýän saparynyň dowamynda gol goýulmagyna garaşylýanlygyny aýdypdylar.

Erdogan bilen Alyýewiň arasynda bolan duşuşykdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda Alyýew bu dokumentiň taýýardygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Erdogan bu iki ýurduň Strategik hyzmatdaşlyk boýunça Geňeş döretmek barada hem ylalaşyga gelenligini we bu dokumente Alyýewiň Ankara etjek saparynyň dowamynda gol goýuljakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG