Sepleriň elýeterliligi

17-nji maýda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda «Ahal» ösümlik ýagy kärhanasynyň açylyşy boldy. Bu zawodyň açylyşyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.


Berdimuhamedowy garşylamak üçin Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary köçä çykyp, ýoluň iki gyrasyna düzülip, ýurduň baştutanyny «Hormatly prezidentimiz — şanymyz, şöhratymyz» diýen sözler bilen alkyşladylar.

Ýurduň prezidenti kärhananyň açylyş dabarasyna gatnaşanlaryň öňünde söz sözlänsoň, kärhananyň işi bilen içgin gyzyklanmak üçin sehlere aýlandy hem-de işgärler bilen gürrüňdeş boldy.

Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanylmaga berlen «Ahal» ösümlik ýagy kärhanasynyň gurluşygynyň umumy bahasy 68 million dollardyr. Onuň tutýan umumy meýdany 140 müň kwadrat metr, sehleriň tutýan meýdany bolsa 22 müň kwadrat metrdir.

Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda bina edilen bu kärhana Ýewropanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Kärhananyň işe girizilmegi bilen ýurduň ilaty ekologiýa taýdan arassa önümler bilen bolelin üpjün ediler. Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 300 tonna, ýylda bolsa 96 müň tonna pagta çigidi gaýtadan işleniler.

Kärhanada her günüň dowamynda ekologiýa taýdan arassa 50 tonna golaý ýokary hilli pagta ýagy, 10 tonna margarin, şeýle hem maldarçylyk pudagy üçin zerur bolan 140 tonnadan gowrak sarun, 70 tonna şulha we beýleki oba hojalyk önümleri öndüriler.

Kärhananyň açylmagy bilen Ruhabat etrabynda birnäçe iş orunlary hem dörär. Günüň dowamynda üç tapgyrda işlejek bu kärhanada 360 adam zähmet çeker.

Ruhabat etrabynda gurlan «Ahal» ösümlik ýagy kärhanasynyň Baýramalydaky hem-de Türkmenabatdaky ýag kärhanalaryna garanyňda has kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygy aýdylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG