Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen klipleriniň döreýän ýeri


«Türkmen owazy» telekanalynyň täze açylan edara binasy
«Türkmen owazy» telekanalynyň täze açylan edara binasy

17-nji maýda Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Türkmen owazy» telekanalynyň edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Paýtagtda ýerleşýän öňki «Diýar» kinoteatrynyň rekonstruksiýa edilip, «Türkmen owazy» telekakanaly üçin niýetlenilip açylan bu binanyň gurluşygy bir ýyl yza çekdirilipdi.


«Türkmen owazy» telekanalynyň edara binasy häzirki zamanyň ösen tehniki enjamlary bilen üpjün edilendir. Binada konsert ýazgylaryny geçirmek üçin uly hem-de kiçi studiýalar, montaž hem-de ses ýazgylaryny taýýarlaýan otaglar bar. Ýaponiýadan hem-de Germaniýadan getirilen tehnikalar bu ýerde ýokary hilli ýazgylaryň geçirilmegine ýardam eder.

Ilkinji ädimler

2008-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň prezidentiniň Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginde türkmen kliplerini görkezýän telekanaly döretmek baradaky beren görkezmesi ýurduň ýaşaýjylaryny juda begendirdi. Sebäbi şu çaka deňiç türkmen aýdymçylarynyň aýdýan aýdymlarynyň professional derejede düşürilýän kliplerine ýurduň ýaşaýjylary zardylar.

Ilkibaşda göz öňünde tutulan proýekte görä, türkmen kliplerini görkezýän telekanal 2009-njy ýylyň 1-nji aprelinden efire goýberilmelidi. Şol wagta çenli hem 5-nji telekanalyň edara binasy hem taýyn edilmelidi. Ýöne ýurduň prezidentiniň görkezmesi bilen, telekanalyň efire goýberilmek meselesi tizleşdirildi we ol 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan «Türkmen owazy» diýen at bilen ýaýlyma çykyp başlady.

Ýurduň prezidentiniň türkmen kliplerini görkezýän aýratyn bir telekanaly döretmek baradaky kararyndan öňinçä, ýurtda türkmen aýdymçylarynyň klipleri höwesjeň klipmeýkerler tarapyndan döredilerdi. Professional derejesi babatda juda gowşak bolan ol klipler adaty diskler arkaly köpçülige ýaýradylardy.

«Türkmen owazy» telekanaly döredilmezinden ozal Türkmen telewideniýesiniň Baş müdirliginiň «Ýaşlyk» telekanalynda her hepdäniň şenbe gününde ýarym sagatlyk görkezilýän «Şekilli aýdymlar» gepleşiginde bolsa bary-ýogy sanaýmaly klipler görkezilýärdi.

Şu sebäpden, tutuş bir sutkanyň dowamynda, 24 sagatlap türkmen kliplerini efire goýbermeklik barada ýokardan berlen görkezme Türkmen telewideniýesininiň Baş müdirligini birbada gaty aljyratdy. Sebäbi 24 sagatlap klip görkezmäge ýeterlik klip hem ýokdy, şeýle klipleri döredip biljek kadrlar-da. Höwesjeň klipmeýkerleriň düşüren klipleri bolsa bildirilýän talaplary ödemeýärdi.

Şertler klipmeýkerlere ýaramady

«Türkmen owazy» telekanalynyň 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan efire hökman çykaýmalydygy barada iki hepde öňünden görkezme alan Baş müdirligiň ýolbaşçylary gyssagly ýagdaýda öz telekanallalyrydyr radiokanallaryndan işgärleri ýygnap, täze telekanal üçin topar düzdüler.

Efiri kliplerden doldurmak üçin, başda höwesjeň klipmeýkerler müdirlige söhbetdeşlige çagyryldylar. Ýöne müdirligiň goýan şertleri klipmeýkerleriň göwnünden turmady we olar arzan işi öz üstlerine boýun almakdan ýüz öwürdiler.

«Türkmen owazy» telekanaly üçin niýetlenen öňki «Diýar» kinoteatry rekonstruksiýa edilip, 2009-njy ýylyň 1-nji aprelinde taýyn edilmelidi we telekanala degişli kameralardyr enjamlar hem şol möhletde getirilmelidi. Ýöne ýokardan berlen görkezmeler planlary bozansoň, «Türkmen owazy» telekanaly üçin wagtlaýynça Medeniýet we teleradioýalymlar ministrliginiň binasyndan ýer berildi. Klipleri düşürmek üçin bolsa beýleki telekanallardan kameralar bölünip berildi.

«Türkmen owazy» telekanalyna, esasan, ýaşlar işe alnansoň, olar kanalyň alyp barýan işlerine juda höwes bilen ýapyşdylar hem-de gije-gündizläp işlemekden ýaltanmadylar. Wagtyň geçmegi bilen bu telekanalyň işgärleri tarapyndan düşürilýän klipler ilatyň göwnünden turup başlady, «Türkmen owazy» bolsa türkmen telekanallarynyň içinde iň bir söýlüp görülýän kanala öwrüldi.

Klipler nähili döredilýär?

«Türkmen owazy» telekanalynda Gülşat Gurdowa
Daşary ýurtlarda atly-abraýly aýdymçylaryň klipleriniň düşürilişi ortaça kyrk müň amerikan dollaryna barabar bolýar. Iň arzan klipiň bahasy daşary ýurtda dört müň dollar töwereginde. Emma «Türkmen owazy» telekanalynda berilýän kliplerleriň düşürilişi mugtuna amala aşyrylýar. Klipleri telekanalyň işgärleri döredýärler.

Mugt zadyň gadyrynyň bolmaýşy ýaly, klip düşürilişi babatynda-da hut şeýle. «Türkmen owazy» telekanalynyň işgärleriniň zol-zol özlerine jaň edip, klip üçin düşmäge çakylyklaryndan halys bizar bolan abraýly bagşylar, soňabaka telekanalyň klipmeýkerlerinden gaçyp başladylar.

Ýöne «Türkmen owazy» telekanalynda kliplere düşmek her aýdymça ýetdiribem duranok. Mysal üçin, ýaşlaryň arasynda iň bir meşhur bolan Nurmuhammet Meredow, Akyş Saparow, Laçyn Mämmedowa, Döwran Saparow, Bilbil Gurbanowa ýaly aýdymçylar, belli bir sebäplere görä, kliplere düşüp bilmeýärler.

Höwesjeň klipmeýkerler bilen bäsdeşlik

«Türkmen owazy» telekanalynda professional derejede klipleriň düşürilýändigine garamazdan, aýdymçylar höwesjeň klipmeýkerlere-de özleriniň kliplerini döretdirýärler. 5-nji kanaldaky ýolbaşçylaryň kliplere düşülende aýdymçylardan berk edýän talaby döreýän klipleriň köpüsiniň resmi häsiýete öwrülip gitmegine getirýär. Erkek aýdymçylar diňe gara kostýumly, galstukly düşmeli, zenan aýdymçylar bolsa, milli lybasda aýdym aýtmaly.

Şu sebäpden käbir aýdymçylar özleriniň göwün islegiçe düşmek üçin höwesjeň klipmeýkerlere kliplerini ýasadýarlar. Ol klipler 5-nji kanaldan goýberilmese-de, halklyň arasyna disk görnüşinde ýaýradylýar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG