Sepleriň elýeterliligi

Şu ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň—Konstitusiýasynyň kabul edilenine 18 ýyl dolýar. 1992-nji ýyldan şu günki güne çenli Türkmenistanyň Konstitusiýasy birnäçe gezek üýtgedildi. 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda geçirilen nobatdan daşary XXI Halk Maslahatynda bolsa ýurduň Baş Kanunynyň iň soňky redaksiýasy kabul edildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy türkmen halkynyň bähbidine nämeleri öňe sürýär?!

Esasy Kanunyň maddalaryny okap çykanyňda SSSR döwründe ürç edilip aýdylan bir anekdot ýada düşýär: ýagny, Moskwanyň bir mekdebinde, taryh sapagynda mugallym okuwçylara SSSR hakda gürrüň beripdir. SSSR-iň gowy, iň baý döwletdigini, onda ýaşaýan adamlaryň, çagalaryň ählisiniň örän bagtlydygyny düşündiripdir. Şol wagt bir okuwçy aglap başlapdyr. Mugallym ondan näme üçin aglaýandygyny sorapdyr. Çagajyk mugallymyna: «Meniňem SSSR-de ýaşasym gelýär» diýipdir.

Ine, şujagaz anekdot käbir döwletlerde halka ýetirilýän habar bilen hakyky durmuşda edilýän işiň biri-birine bütinleý çapraz gelýändiginiň üstünden gülýär.

Elbetde, hökümetler tarapyndan kabul edilýän Kanunlaryň ählisini berjaý etmek, halka berilýän sözleriň ählisini ýerine ýetirmek aňsat hem däldir. Kanunlaryň ählisini uçdantutma berjaý etmezlik dünýäniň başga-da döwletlerinde bolmagy mümkin. Ýöne Türkmenistan döwletinde welin, Baş Kanunda aýdylýan zatlaryň durmuş hakykaty bilen çaprazlygy has öte geçýär. Geliň, sözümiz gury bolmaz ýaly, Türkmenistanyň Baş Kanunynyň käbir maddalaryna göz aýlap çykalyň:

3-nji madda

Baş Kanunyň 3-nji maddasynda “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini we azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar.” diýlip aýdylýar.

Şeýle setirleriň Esasy Kanunda orun alanlygyna seretmezden, Türkmenistanda halkyň hal-ýagdaýy hiç kimi gyzyklandyrmaýar. Gaýtam halkyň başyna işsiz galdyrylmalar, bisowatlyga eltmek ýaly belalar düşürildi. Ençeme bigünä adamlar türmelerde çüýremegini dowam etdirýär. Režime çydaman, daşary ýurtlara gidip ýaşaýan raýatlar barmak büküp sanardan kän.

24-nji madda

Esasy Kanunyň 24-nji maddasy hökümetiň Kanun kitaplarynda ýazýan zatlary bilen hakyky durmuşda edýän işleriniň nähili derejede gabat gelýändigine düşünmäge ýardam edýär.

“Her bir raýatyň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletden goldaw almaga hukugy bardyr. Ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. Jaýda ýaşaýanlaryň razylygy ýa-da başga kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň jaýa girmäge ýa-da onuň eldegrilmesizligini başga bir ýol bilen bozmaga haky ýokdur. Adamyň we raýatyň öz ýaşaýyş jaýyny bikanun hyýanatçylykdan goramaga hukugy bardyr.”

29-njy madda

Esasy Kanunyň 29-njy maddasynda “Raýatlara kanunçylykda bellenen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary we ýörişleri geçirmek azatlygy kepillendirilýär” diýlip ýazylan. Hakykatda welin, ýygnak geçirmek hakda gürrüň ýok, iki adamyň başy çatylan ýerde režimden nägiledigiň hakda gürrüň gozgasaň-da, işden-ä bir kowulýaň, soňundan hem nämeleriň boljagyny bir Alla bilýär. Ýygnak, miting geçirmek isläp, türmä düşenler, daşary ýurtlara gaçyp gidenler biziň bu sözlerimize tutarykdyr.

33-nji madda

Esasy Kanunyň 33-nji maddasynda “Raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr” diýlip aýdylýar. Esasy Kanuna salnan bu setirleri hökümetiň ýedi arka barlaýan kanuny hem-de döwlet derejesinde örän bek ýöredilýän gara sanawy ret edýär. Işleýänleriň we işlejekleriň kimiň neslidigi baradaky yzarlamalar dowam edýär. Hatda atalaryň «günäsi» üçin kiçi nesilde günä bolmasa-da, gara sanawa düşenleriň nesillerine çenli işden kowulýarlar hem-de işe alynmaýarlar. Ýokary okuwa girjek çagalara çenli ene-atalaryň kimdigi hakdaky sprawkalary eltmeli. Özem bu işler döwlet derejesinde, has ýokary instansiýalardan berilýän buýruklar boýunça ýerine ýetirilýär.

38-nji madda


Esasy Kanunyň 38-nji maddasynda “Her bir raýatyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet mekdeplerinde tölegsiz almaga haklydyr” diýlip aýdylýar.

Elbetde, döwlet umumy orta bilimi mugt berýär. Hatda munuň üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda ençeme täze tipli mekdepler salnyp, ulanylmaga berildi. Olar kompýuterler bilen üpjün edildi. Ýokary bilim welin hemme ýaşlar üçin elýeterli däldir. Biziň bu sözlerimize ýokary bilim almak üçin daşary ýurtlarda sergezdan bolup ýören türkmen ýaşlary güwä geçip biler. Türkmenistanda ýokary bilimi diňe wezipeli hem pully adamlaryň çagalary alyp bilýärler. Ýokary bilim aljak beýleki ýaşlara döwlet tarapyndan hiç hili goldaw duýulmaýar.

39-njy madda

Esasy Kanunyň 39-njy maddasynda: «Türkmenistanyň raýatlarynyň öz çeper, ylmy we tehniki döredijiligini erkin alyp barmaga hukugy bardyr. Raýatlaryň ylmy, tehniki döredijilikde, çeperçilik, edebiýat hem medeniýet işinde awtorlyk hukuklary we bähbitleri kanun esasynda goralýar» diýlip ýazylan-da bolsa, başistik hökümet dörediji adamlaryň ýagysy bolup döredi. Başizmiň dörän gününden häzirki wagta çenli hiç bir döredijilik işgäri hökümetden goldaw almady. Gaýtam, bu hökümet öňden-ahyra döredijilik işgärlerini ýanap, eserleriniň döwlet neşirlerinde çap edilmegini gadagan edip geldi. Ençeme kompozitorlar, ýazyjy-şahyrlar, hudožnikler söýgüli hünärleriniň lezzetini görmekden mahrum edildi. Diňe bir adamyň döredijiligini dünýä ýaýmak başistik hökümetiň medeni ýoludyr.

Garaz, Türkmenistanyň Baş Kanunyny dörüp otursaň, durmuş hakykaty bilen gabat gelmeýän zatlaryň ýene ýüzlerçesiniň üstünden baryp bolýar.

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG