Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti Ukraina bilen gatnaşyklary berkidýär


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Ukrainada gepleşik geçirýär.

Medwedew öz ukrain kärdeşi Wiktor Ýanykowiç fewralda prezident saýlanaly bäri onuň bilen ýedinji gezek duşuşýar.

Iki prezidentiň bilelikde rus-ukrain komissiýasynyň, Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky tehniki hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýän hökümetara toparyň ýygnagyny alyp barmagy planlaşdyryldy.

Şeýle-de Medwedew bilen Ýanykowiçiň bir topar ylalaşyga, şol sanda serhet kesgitlemek we ýadro hyzmatdaşlygy şertnamalaryna gol çekmeklerine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG