Sepleriň elýeterliligi

logo-print

NATO strategik missiýasyny seljerýär


NATO Owganystandaky uruşda ýeňmeli, Orsýet bilen gatnaşyklaryny giňeltmeli, Eýranyň raketalaryndan abanýan howpa garşy durmaly we öz 28 agzasynyň howpsuzlygyny kepillendirmeli.

Birleşen Ştatlaryň ozalky döwlet sekretary Madlin Olbraýtyň baştutanlygyndaky ýokary derejeli 12 ekspertden ybarat toparyň rekomendasiýalaryna görä, ýaranlygyň geljekki strategiýasy şeýle bolmaly.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen bu rekomendasiýalaryň ýaranlygyň ýüzbe-ýüz bolan iň möhüm wezipelerini kesgitleýändigini we özgerişlik üçin teklipleri öňe sürendigini aýtdy.

Bu toparyň hasabaty NATO-nyň noýabr aýynda Lissabonda geçjek indiki sammitinde ediljek maslahatyň esasy bolar we şol ýerde hem ýaranlygyň täzelenen strategik ugry tassyk ediler.
XS
SM
MD
LG