Sepleriň elýeterliligi

Owgan goşunlary alnyp gaçylan BMG işçilerini halas edýär


Esgerler talyban mesgenine zabt edip, BMG-niň bäş owgan işgärini halas etdiler. Olar bir aý bäri zamun saklanýardy.

Owgan goşunynyň komandiri general Murad Aly Murad öz esgerleriniň Baglan welaýatynda bir binanyň daşaryny gabap, ýerzeminde saklanýan işgärleri azat edendigini aýtdy.

Ol azat edilen işçileriň janlarynyň sagat görünýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Murad söweşde iki esgeriniň, pitneçileriň bolsa onlarçasynyň öldürilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG