Sepleriň elýeterliligi

Taýlandly protestçiler buýruga boýun egmeýärler


Taýlanddaky hökümete garşy protestçiler paýtagtdaky barrikadalaryny terk etmek baradaky buýruga boýun egmediler.

Protestçiler berlen möhletiň gelip-geçendigine garamazdan, öz lagerleriniň merkezinde guralan sahnada çykyş edýänlere el çarpmaklaryny dowam etdirdiler.

Taýland hökümeti, eger söweşijiler köçe tutluşygyny goýup, merkezi Baňkokdaky esasy lagerlerine dolansalar, «Gyzyl koýnek» protest lideriniň atyşygy duruzmak teklibini kabul etjegini aýdýar.

Penşenbe gününden bäri dowam edýän çaknyşyklar 36 adamyň ölümine, 250 çemesi adamyň bolsa ýaralanmagyna sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG