Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýazyjy Seýitnyýaz Ataýew aradan çykdy


Ýazyjy Seýitnyýaz Ataýew 87 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Seýitnyýaz Ataýew publisist, terjimeçi, kinossenariçi hökmünde giňden tanalýardy.

S.Ataýew publisistiki eserleri üçin Magtymguly adyndaky döwlet baýragy bilen sylaglandy.

Ýazyjynyň «Maýagözel» eseri il içinde has meşhur boldy. Ol uruş temasyndan ýazylan «Gazap» romanynyň we «Ölüm ýokdur, oglanlar» atly çeper filmiň ssenarisiniň awtorydyr.

Seýitnyýaz Ataýew Ikinji jahan urşuna gatnaşyp, orden-medallaryň birnäçesi bilen sylaglanypdy.

S.Ataýew Lew Tolstoýyň, Iwan Türgenýewiň, Ernest Hemiňweýiň eserlerini türkmen diline geçiripdi.
XS
SM
MD
LG