Sepleriň elýeterliligi

Magtymgula her kim özüçe, öz akyl, ahlak goruna görä golaý barýar we şol golaýlygy hem öz durmuş ýörelgesine laýyklylkda saklaýar ýa ýitirýär. Bu taýda bellemeli hem begenmeli zat – biziň Magtymgulymyzyň barlygy, onuň bize şeýle düşnükli dilde, şeýle gözel, şeýle manyly goşgulary ýazyp galdyranlygy.

Dogry, onuň käbir setirleri ýa bentleri, belki-de tutuş goşgusy ýa goşgulary hakynda dürli-dürli pikirler bolup biler. Hatda, garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymgulydan-da ýokaryk çykarylan “şa şahyryň” aýdyşy ýaly, ony terkidünýälikde hem aýyplap bolar. Ýöne Magtymgulynyň setirlerini özüňçe üýtgedip ýa onuň goşgularyny gadagan edip bolmaz. Emma, gynansak-da, garaşsyzlyk ýyllarynda şeýle zat hem edildi.

Sowet ýyllarynda Magtymgulynyň dini goşgularynyň çap edilmeýändigini aýdardylar. Emma şol diýilýän goşgular çap edilenden soň, Magtymgulyny Magtymguly eden goşgularyň ol eserler däldigi belli boldy. Ýene bir belli bolan zat bolsa, dar çygyrly diktatura Magtymguly ýaly giň dünýägäräýyşly hem çuň pikirli şahyryň gerek däldigidir. Şu sebäpden hem, dilçi B.-niň aýtmagyna görä, türkmen jemgyýeti oňa sowet döwründäki ýakynlygyny ýitirdi. Bu ýakynlygy gaýtadan dikeltmek, Magtymgulyny gaýtadan her türkmeniň öýüne, ýüregine hem aňyna eltmek üçin gaty kän iş edilmeli. Şol işleriň ilkinjilerinden biri bolsa, onuň goşgularynyň tankydy tekstini çap etmek bolsa gerek.

“Ruhnamanyň” kem-kem sahnadan düşmegi bilen magtymgulyşynaslygyň yza itilen, Magtymgulynyň goşgularyna aýdylýan aýdymlaryň käbiriniň gadagan edilen döwri taryha gidýär. Dilçi B. türkmen radiosynda mugt gaz, mugt suw, mugt tok barada günde diýen ýaly gürrüň edilýän wagty Magtymgulynyň sözlerine aýdylýan “Läle getirmiş” aýdymyň gadagan edilendigini aýdýar. Ol aýdymda şeýle setirler bar:

"Magtymguly, ger doýursaň bir ajy,
Mälimdir, tapar sen bu ýerde hajy,
Bir ýagşylyk etse adam biweji, --
Her mejlisde ýüz ýol dile getirmiş."


Ýa-da bolmasa, Magtymgulynyň sözlerine aýdylýan “Başlady” diýen aýdymyň gadagan edilendigini aýdýarlar. Ol aýdymda şeýle setirler bar:

"Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler göz ýaşyn döke başlady.
Orramsydan bolan haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady."


Elbetde, türkmen senzurasynyň bu setirleriň aňyrsynda nämäni görendigini ýa nämeden gorkandygyny çaklamak kyn däl.

Magtymguly öz sözleriniň hakdygyny, emma hak söze ten bereniň ýokdugyny aýdypdyr. Onuň goşgularynda söz manysy, söze düşünmek hakda köp döwnelen. Mysal üçin, ol “Bir guýruksyz itdir, gaçgyl, nesihat ýokmaýan ärden” diýipdir. Aslynda şahyr dünýäni aňlaýanlara hem aňlamazlara bölüpdir:

"Dünýäde aňlardan aňlamaz kändir,
Bilmezler beladyr, bilenler jandyr,
Ol ýigitler adam tilli haýwandyr,
Söz aňmasa hem ykrary bolmasa.
"

Eger Magtymgulynyň goşgularyna aýdylýan aýdymlaryň käbiriniň gadagan edilişinden çen tutulsa, “şa şahyr” diýlip waspy edilen S. Nyýazowyň ýalan marafonuna goşulan adamlaryň içinde-de onuň diýýän zadyna düşünýänler ýa şol sözlere ýüzi gyzaranlar bolupdyr. Ýazylan wagtyndan iki asyr soňam şeýle iş bitirýän setirlere nädip guwanmajak? Dilçi B. “ol setirleri gadagan etmeli däl, ýurduň her şäherinde Magtymguly meýdançalaryny döredip, mermer sütünleriň ýüzüne oýup ýazmaly” diýýýär. Onuň pikiriçe, türkmeniň diňe aty, halysy däl, Magtymguly ýaly beýik klassyklary-da bar we ol klassyklary täzeden, garaşsyz ýurduň aň, akyl hazynasy hökmünde öwrenip başlamaly.

Magtymguly goşgulary bilen özi özüne ýadygärlik diken şahyr. Ol ýalan sylaga, at-dereje ýa baýrak berilmegine, kiçi dilden bärde öwülmegine ýa hormat goýulmagyna mätäç däl. Tersine, ösüp gelýän nesilleriň aň, ahlak sagdynlygyny isleýän bolsa, neşekeşligiň, ogurlygyň, parahorlugyň, ýalançylygyň azalmagyny isleýän bolsa, jemgyýer, döwlet Magtymgula mätäç.

Magtymguly “Ýigit öler ýurt üstünde” diýipdir, mert ogluň dogry söz üstünde jan berjegini aýdypdyr, watany terk edip gitmezligi nesihat edipdir. Ýöne ol:

“Bizara gelip men beýle diýardan,
Jür bolup men başym alyp gitmäge”
hem diýipdir.

Ussadyň bir duýduryşy bolsa hasam belent ýaňlanýar:

“Bibat olup döner Lutuň şährine,
Her ülkäniň häkim äri bolmasa.”


Ýowşan Annagurban Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň žurnalisti. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG