Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medisina barlaglaryny artdyrmagyň ýollary teklip edildi


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2008-nji ýylyň aýaklarynda 25 ekspertden ybarat bir topara medisina barlaglaryny, şeýle hem garyp ýurtlarda ösüşi maliýeleşdirmek üçin täze ýollary agtaryp tapmagy tabşyrypdy.


Halkara derejesinde ykrar edilýän syýasatçylardan we tehniki ekspertlerden durýan topar düýn bu mesele boýunça öz teklipleri bilen Ženewa ýygnandylar. Beýleki temalar bilen birlikde bu teklipler barada Bütindünýä saglygy goraýyş Assambleýasynda 17-nji maýdan 21-nji maýa çenli aralykda pikir alşylýar.

Ekspertler medisina barlaglaryny maliýeleşdirmek üçin halka gytaklaýyn salgyt salmagyň dürli ýollaryny teklip edýärler. Mysal üçin, halkara ýarag söwdasyndan 10 prosent salgyt alynsa, ýylda 5 milliard dollar girdeji geler diýlip hasap edilýär.

Ýene-de bir teklip – uçar biletine goşmaça hak tölenmegi. Bu iş ozal hem edilip, oňat netije beren zat. Şol bir wagtyň özünde-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna agza 193 döwlet tarapyndan bu teklibiň aňsatlyk bilen kabul edilmegi mümkin. Üçünji teklip – halkara maliýe transaksiýasyndan salgyt almak. Munuň hem oňat netije bermegine garaşylýar. Dördünji teklip –elektronik ýa internet salgydy. Onuň möçberi elguş bilen ýerine ýetiriljek basma bagly. Her bir 10 basma bir sent tölense, onlarça milliard dollar ýygnalar diýilýär.

Aňsat däldigini bilýärler

Ekspertler toparynyň agzasy Dr. Marz Moran: “Bular diňe öňe sürülýän pikirler, olary kabul edip-etmezlik baradaky karary kabul etmeli Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy” diýýär.

“Men bu aýdylýanlaryň teklip däl-de, maslahat berilýän çemeleşmelerdigini nygtamakçy. Bilşiňiz ýaly, bir zatdan salgyt almak, mysal üçin, elektronik salgyt, köp işler bilen baglanyşykly. Ol näçe getirer, nädip alnar? Bularyň özi bir iş” diýip, Moran aýdýar.

Roger Bate Waşintonda ýerleşeýän Amerikan Enterprise Institutynyň işgäri. Ol bu teklipleriň peýdalydygyna yananmaýar. Ol şeýle diýýär: “Bu tekliplerde derman önümçiliginiň söwda tarapy gözden salynýar. Medisina taryhyna seretsek, öndürilen dermanlaryň ählisi diýen ýaly pul gazanamak isleýen adamlar tarapyndan üsti açylan zatlar. Jemgyýetçiligiň saglygy bilen gyzyklanýan adamlaryň garaýşyça, bu bir gelşiksiz iş. Şol sebäpden hem olar barlagy we ösüşi maliýeleşdirmek üçin gazanç bilen baglanyşyksyz ýollary agtarýarlar”.

Bu teklipler barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna agza döwletleriň agzyny birikdirmegiň aňsat däldigini ekspertler-de bilýärler. Dr. Moran salgyt baradaky garaýyşlaryň dürli ýurtlaryň arasynda gaty tapawutlydygyna ünsi çekýär.

“Mysal üçin Beýik Britaniýanyň, nähili hem bolsa, salgyt boýunça teklipleri kabul etjegine ynam ýok diýerlik. Dürli ýurtlaryň tapawutly býujet aýlawy we dürli salgyt sistemasy bar. Biziň pikirimizçe, käbir ýurtlar salgyt pikirini goldasa, käbiri goldamaz” diýip, Moran belleýär.
XS
SM
MD
LG