Sepleriň elýeterliligi

18-nji maýda Türkmenistanda Galkynyş, Bütewülik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär. Türkmen metbugaty bu baýramçylygyň milli derejedäki iň ähmiýetli seneleriň biridigini nygtaýar we ony türkmeniň dürli nesilleriniň arasyndaky baglanyşygyň, beýik ideýalaryň we ruhy başlangyçlaryň yzygiderliliginiň simwoly hökmünde häsiýetlendirýär.

Resmi maglumatlarda senäniň adynda türkmen halkynyň bütewi, güýçli we abadan döwlet baradaky taryhy arzuwynyň dabaralanýanlygy nygtalýar.

Türkmenistanly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmen jemgyýeti üçin ähmiýeti barada şeýle diýýär: “ Magtymguly – türkmeniň akyl ölçegi, edep-ekram ölçegi, ynam ölçegi. Onuň poeziýasy hiç wagtda garramaýan, könelmeýän poeziýa”.

Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni Türkmenistanda ilkinji gezek 1971-nji ýylda bellendi. “Emma bu baýramçylygyň garaşsyzlyk ýyllarynda Konstitusiýa güni bilen birleşdirilmegi Magtymgulynyň döredijiliginiň ähmiýetine kölege saldy” diýip, Bugaýew aýdýar.

Konstitusiýa we Magtymguly

Şu günler türkmen metbugatynda çap bolýan maglumatlarda türkmen döwletiniň döredijilik, öňegidişlik we beýik üstünlikler ýoly bilen barýanlygy aýdylyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döwrüň esasy üstünlikleriniň biri bolup durýanlygy bellenilýär. Şeýle-de garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilmegi bilen bagly senäniň, öz döredijiligini türkmen halkynyň garaşsyz döwlet, bagtly durmuş we halkyň agzybirligi baradaky arzuwlaryna bagyşlan Magtymgulynyň şygryýet güni bilen bilelikde bellenmeginiň çüňňur manysynyň bardygy resmi maglumatlarda aýdylýar.

Baş kanunyň ýurtda bolup geçýän özgerişlikler nukdaý nazaryndan üýtgedilýänligi we kämilleşdirilýänligi, prezident G.Berdimuhamedowyň alyp barýan reformalarynyň “Galkynyş döwründe” döwlet, ykdysady we jemgyýetçilik ösüşine gönükdirilýänligi hem resmi maglumatlarda aýdylýar.

Synçylar Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymguly Pyragynyň abraýynyň we türkmen halkynyň öňündäki ähmiýetiniň propaganda guraly hökmünde ulanylyp gelinýänligine ünsi çekýärler.

Syýasy analitik Artýom Ulunýanyň pikiriçe, Türkmenistanyň şu günki ýolbaşçylary hem Magtymgulynyň adyndan öz syýasy maksatlary üçin peýdalanmagy dowam etdirýärler.

Aýratyn ösüş ýoly

Artýom Ulunýan garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen döwletiniň öz aýratyn ösüş ýoly bilen barýanlygy we munuň ähmiýetini türkmen ýolbaşçylarynyň yzygiderli nygtalýanlygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçylarynyň öňe sürýän “Beýik galkynyş” ideýasyny geçmişe, şol sanda Magtymgulynyň döredijiligine esaslanyp, milletiň taryhy-medeni gymmatlyklary arkaly delillendirmek isleýänligini belledi.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, sowet döwründe döredilen Magtymguly adyndaky döwlet baýragy garaşsyzlyk ýyllarynda halkara baýragyna öwrüldi, emma soňky 10 ýylyň dowamynda bu baýrak hiç kime berilmedi.

Graşsyzlyk ýyllarynda Magtymgulynyň ýeke-täk kitaby çap edildi. Emma Magtymgulynyň doglanyna 275 ýyl dolan 2008-nji ýylda kitap çap etmekden daşgary senäniň giňişleýin dabara edilmänligini belläp, Amanmyrat Bugaýew muňa Magtymgula döwlet derejesinde goýulýan hormatyň peselmeginiň alamaty hökmünde garaýar.

“Ruhnamany” okap ýetişenler ders berýärler”

Režimiň propagandistik ideologiýasynyň Magtymgulynyň döredijiligindäki döwletlilik, galkynyş we bütewülik ideýalarynyň, çüňňur filosofiýasynyň şu günki gün türkmen jemgyýetiniň ösüşine täsir ýetirmegine päsgelçilik berip gelýänligini synçylar belleýärler.

A.Bugaýew Magtymgulynyň döredijiligine jemgyýetde has uly ähmiýet berilmeginiň zerurlygyny belleýär:“Şu günki gün Magtymgulynyň döredijiligini ýaş nesle-de, ýaşuly nesle-de ýetirmeli. Magtymly hakyndaky ideologiýa şowhunyny peseltmeli-de onuň döredijiligine ýüzlenmeli. Sebäbi garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmeklik ýatyp galdy. Mekdep programmasynda Magtymguly öwredilse-de, “Ruhnamany” öwrenip ýetişen mugallymlar mekdep okuwçylaryna ders berýärler”.

Resmi maglumatlara görä, şu günler Türkmenistanda Medeniýet we Teleradiogepleşikler ministrligi tarapyndan taýýarlanan giň möçberli baýramçylyk dabaralary dowam edýär: muzeýlerde sergiler açylýar, ýurduň paýtagtynda ylmy-praktiki konferensiýalar geçirilýär, medeni we sazly dabaralar gurnalýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG