Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Magtymguly» diýip, adym tutsalar…


18-nji maý—Türkmenistanda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni diýlip bellenilýär. Şeýle hem bu gün—Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem günüdir.


Türkmen klassyk edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakda gürrüň bermegiň zerurlygy ýok. Sebäbi ony türkmenleriň ählisi bilýär. Onuň goşgularyna hiňlenmeýän türkmen ýok diýip, arkaýyn aýdyp bolar.

Her bir basybalyjy gelen ýeriniň edebiýatyny hem medeniýetini ýok edýär. Sowet hökümeti hem özüniň ýaşap başlan ilkinji ýyllarynda türkmen klassyk edebiýatynyň görnükli wekillerini, şol sanda Magtymgulyny hem okamagy, öwrenmegi gadagan edipdi. Soňy bilen magtymgulyşynas alymlaryň hem şahyrlaryň, ýazyjylaryň yhlasy bilen türkmenleri, türkmen edebiýatyny we Türkmenistany Magtymgulysyz göz öňüne getirip bolmajagy gelmişek hökümete düşündirilip, Magtymgulynyň ömür – döredijiligi hakdaky maglumatlary we onuň döredijiligini öwrenmäge rugsat edildi.

Ýöne Magtymguly Pyragy hakda sowet ýazyjylarynyň, alymlarynyň ýazan makalalary, çeper eserleri, sowet hökümetiniň syýasatyna gönükdirilipdi. Olar birtaraplaýyn ýazylan eserlerdi, ýagny diňe Magtymguly bilen Meňliniň söýgüsi hakda, şahyryň ýesirlikde geçiren günleri hakda gürrüň bermek bilen çäklenilýärdi. Munuň üçin alymlardyr ýazyjylary günäläp bolmaz. Şol döwrüň syýasaty şondan «aňyrrak» geçmäge rugsat berenokdy.

Magtymgulynyň «Köp garaşdym, ajap eýýam gelmedi» diýen setirlerini alymlar onuň türkmenleriň bir bütewi döwlet bolmagyna garaşandygy bilen düşündirýärler. Kimler onuň garaşsyzlyk isländigi bilen düşündirýärler. Alymlaryň şu diýenleriniň haýsysy dogry bolsa-da, Magtymguly Pyragynyň şol islän döwri geldi diýip, hasaplap bolar. Garaz, dünýä türkmenlerini birleşdiren döwlet bolmasa-da, dünýäniň bir künjünde türkmenleriň döwleti emele geldi. Hem-de ol Garaşsyz boldy.

Türkmen dili

Ýedinji-sekizinji asyrlarda Orta Aziýa, şol sanda türkmen topragyna hem yslamy ornaşdyrmak maksady bilen gelen araplar türkmenleriň ýazuw dilini hem arap diline, harplaryny bolsa arap elipbiýine geçirýärler. Türkmen dilinde goşgy ýazmak gadagan edilýär. Magtymgulydan öňki ýaşap geçen türkmen şahyrlarynyň ählisi goşgularyny şol döwürleriň ýörgünli ýazuw dilleri bolan arap-pars dilinde ýazypdyrlar. Şonuň üçin bisowat halk olaryň goşgularyna düşünmändir, olaryň goşgularyny okamandyr hem aňyna siňdirip bilmändir. Arap-pars dili halka örän kyn düşüpdir. Arap-pars dilinde şygyr ýazan şahyrlary diňe şol dilleri bilýän azlyk okapdyr hem-de tanapdyr.

Magtymguly türkmen dilinde ilkinji bolup goşgy ýazyp ugran şahyrdyr. Onuň döreden goşgulary türkmenleriň ýüreginiň töründen orun alypdyr. Özem türkmeniň her bir gaýgy-hasratyny, gerekli zadyny, aýtmaly zadyny gowy bilýän zehinli şahyryň goşgularyny halk saza salyp, ýüreklerine siňdirip, hiç bir gazet-žurnalyň ýok döwründen, kitaplaryň çap edilmeýän döwründen hut biziň günlerimize çenli alyp gelipdir.

Magtymguly—türkmen dilini ýokary galdyranlygy bilen hem, türkmen dilini, türkmen poeziýasyny arap-pars dilinden azat edenligi bilenem beýikdir. «Türkmenler, bir ýere baglasak bili, gurudars Gulzumy, derýaýy-nili» diýip, türkmenleri birleşmäge, bir döwlet bolmaga, göreşmäge çagyranlygy üçinem beýikdir.

Beýik syýasatçy

Magtymguly diňe bir şahyr däldir. Ol beýik syýasatçydyr, ýolbaşçydyr, munuň-da üstesine, ol din bilimlerini-de gowy özleşdirip bilen uly ahun bolupdyr. Ol dine köre-körlük bilen ynanmandyr. Aňryýany bilen düşünip, din näme, Hudaý näme, asman jisimleri näme — ol bu zatlara göz ýetiripdir. Bu zatlar barada onuň sufistik goşgulary gürrüň berýär. Magtymguly hakynda sowet döwründe döredilen eserlerde bu aýdylanlaryň birem ýok.

Magtymguly hakdaky hakykaty ýurdy türkmenleriň özleriniň dolandyrýan döwründe dikeltmeli. Ýöne ýylda bir sapar onuň şygryýet güni bellenip geçiläýmese, başga gün Magtymguly Pyragy hiç kimiň ýadyna düşenok.

Magtymguly hakdaky tema baky tema. Ol hakda hiç wagt ýazyp gutaryp bolmaýar. Sebäbi onuň her goşgusynyň her bir setirinde uly ylmy işlik manylar ýatyr. Magtymguly hakda bütin ýylyň dowamynda ýazyp durmaly. Gazetleriň her sanynda ýazyp durmaly. Ýöne şü, göriplik gursun! Her kimiň özi beýik boljak bolup, hakyky beýikleriň ýatlanmanyny gowy görýärler.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG