Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmeniň Baş kanuny


Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine şu ýyl 18 ýyl bolýar. Göräýmäge, az wagtam däl. Şol döwrüň içinde oňa birnäçe düzedişlerdir, üýtgetmeler girizilenem bolsa, häzirki güne çenli ýurtda azat, erkin graždan jemgyýeti döremän gelýär.

Aslyýetinde öz döwlet garaşsyzlygyny alan ýurtlarda täze Baş kanun, Konstitusiýa kabul ediljek bolnanda, ilki ony referenduma, ählihalk geňeşine goýýarlar. Eger halk köpçüligi Baş kanunyň taslamasyny doly goldasa, diňe şondan soň ony ýurduň parlamenti professional derjede geňeşýär, oňa teklip edilen zerur üýtgetmeleri girizýär we soňra-da açyk ses berlişikde kabul edýär.

Emma bizde 1992-nji ýylda Türkmenistanyň şol wagtky Ýokary Soweti bu meseläni halka sala salmazdan, özi çözdi. Elbetde, ol kanun häzirki Mejlisdäki ýaly bir agyzdan kabul edilmän, oňa garşy çykan deputatlaram bolupdy. Ýöne olary barmak basyp sanaýmalydy. Olaryň garşy çykyşam örän gowşakdy.

Şol döwürler ilatyň aglaba köpüsi ýurtdaky syýasy ýagdaýlara uly gyzyklanma bildirýärdiler. Konstitusiýanyň taslamasy metbugatda çap edilende, halk tarapyndan oňa örän köp bellikler, teklipler edildi. Ol teklipler, bellikler, elbetde, metbugat organlaryna, Türkmenistanyň şol wagtky Ýokary Sowetiniň komissiýasyna iberldi.

Gynansak-da, Komissiýa şol tekliplere we belliklere kän bir üns hem bermändi. Ýogsa, şol teklipleriň köpüsinde Halk Maslahaty kanuna gabat gelmeýän sütün diýlip, hasap edilýärdi we il-halka gulak asylan bolsa, beýle gurama asla döredilmeli däldi.

Şeýlelikde 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda täze Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Konstitusiýa 8 bölümden we 116 maddadan ybaratdy. Bu kanunda prezidente berilýän hukuklar diýseň uludy. Häkimlerden başlap, sud we prokuratura edaralarynyň başlyklaryna çenli halk tarapyndan saýlanman, eýse ýeke-täk bir adamynyň islegi bilen bellenmeli edildi. Bu hem, elbetde, ýurtda totalitar režimiň döremegine getiren sebäpleriň biridi.

Wagtyň geçmegi bilen şol ýeke-täk adamynyň bähbidine çapyp, hereket edýän Konstitusiýa ençeme üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Konstitusiýanyň 1-nji maddasyndaky «Türkmenistan demokratik we dünýewi döwlet» diýen düşünje aradan aýrylyp, hakykat ýüzünde Türkmenistan totalitar ýapyk döwlete öwrüldi. Bu hem Türkmenistanyň birnäçe ýyllaryň dowamynda sebitde syýasatda, ykdysadyýetde, ylymda, medeniýetde we sungatda yzagalak ýurt bolmagyna getirdi. Türkmenistanda adam hukuklarynyň, etniki azlyklaryň, dini azlyklaryň wekilleriniň hukuklarynyň depelenmegine şert döredi. Türkmenistan söz we metbugat azatlygy boýunça iň ýaramaz, ýapyk ýurtlaryň hataryna girdi.

Progrese däl-de, regrese tarap


Eger-de biz Konstitusiýamyzyň kabul edilen ýylyndan häzirki günlere çenli geçen ýoluna demokratik jähtden göz aýlasak, onda onuň progrese däl-de, regrese tarap hereket edenligini görýäris. 2008-nji ýyla çenli girizilen üýtgetmeleriň hemmesi ýurtda bolup geçen belli bir wakalardan soň, režimi has-da pugtalandyrmaga gönükdirlipdi.

Konstitusiýa girizilen ilkinji üýtgetme 1995-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň derejesinde Bitaraplygyny jar etmegi bilen baglanşyklydy. Şol ýylyň aýagynda Konstitusiýanyň 1-nji maddasyna şeýle üýtgetmeler girizildi: «Türkmenistan kanun esasynda hemişelik bitaraplyk statusa eýedir».

Soňraky girizilen goşmaçalaryň hemmesi diýen ýaly ýurdy gara tümlüge tarap gönükdirýän ýaramaz özgerişlerdi. 1999-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabatda bolup geçen IX Halk Maslahatynda Saparmyrat Nyýazowyň ömürlik prezidentlik wezipesine tassyklanmagy bilen Konstitusiýanyň 3-nji Babynyň 55-nji maddasyna ýene-de üýtgetmeler girizildi. Kanunyň birinji redaksiýasynda ol madda şeýle berilýärdi: «Türkmenistanyň graždany bolan, ýaşy 40-dan pes bolmadyk, Türkmenistanda ýaşaýan her bir türkmen prezident bolup biler. Şol bir adam yzly-yzyna iki möhletden artyk prezident bolup bilmez».

2000-nji ýylyň başynda girizilen üýtgetmede bolsa prezidentlige ymtylýan raýatyň ýaşy 40-dan 70-e çenli bolmalydygy we oňa 5 ýyl möhletli yzygider prezident bolmaga hukugyň berilýänligi görkezilýärdi. Bu üýtgetme, elbetde, demokratik prinsiplere gabat gelenokdy. Gynansak-da, bu ýaramaz göreldä eýerip, soňra goňşy Özbegistandyr Gazagystan hem öz kanunlaryna hut şeýle “täzelikleri” girizdiler.

2002-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky wakalardan soň, şol ýylyň 30-nji dekabrynda nobatdan daşary Halk Maslahaty çagyryldy. Şol Maslahatda hem Konstitusiýanyň 4-nji maddasyna ýene-de bir üýtgetme girizildi. Konstitusiýanyň birinji redaksiýasynda bu maddada: «Döwlet häkimiýeti Kanun çykaryjy, Ýerine ýetiriji we Sud häkimiýetlerine bölünýär» diýlip berlen bolsa-da, täze Baş kanunyň täze redaksiýasynda oňa ilki bilen Halk Maslahaty goşulýar we adaty demokratik döwlet dolandyryş sistemasynyň şahalary üçlükden, dörtlüge ýetirilip, Halk Maslahaty hemişelik gurama öwrüldi.

Bu çäre ýurtda totalitar dolandyrşy öňküdenem beter berkitdi. Şol Maslahatda halk tarapyndan wekilçilik funksiýasy berilmedik adamlar Jenaýat kodeksine ömürlik jeza çärelerini girizmek barada kanuny tassykladylar. Bu madda diňe 2008-nji ýylda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi bilen başky görnüşine gaýtarylyp getirildi we häkimiýet ýene-de üç şahadan ybarat boldy.

Prezidentiň wezipesi


Konstitusiýanyň 2005-nji ýyldaky redaksiýasynyň 60-njy maddasynda prezidentiň wezipesi hakynda aýdylýar. Şol maddanyň ikinji abzasynda şeýle setirler bar: «Eger Türkmenistanyň prezidenti, haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, onda prezident saýlanýança onuň ygtyýarlary, Mejlisiň başlygyna geçýär. Şu ýagdaýda Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary, onuň ygtyýarlarynyň Mejlisiň başlygyna geçen gününden başlap, iki aýdan gijä goýulman geçirilmelidir».

Emma 2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda Saparmyrat Nyýazow ýogalanda, Konstitusiýanyň bu maddasyna eýerilmedi. Aljyraňňy ýagdaýa düşen hökümet agzalary, şol wagtky Mejlisiň başlygy Öwezgeldi Ataýewi howul-hara jenaýata çekip, onuň ýerine ýetirmeli funksiýasyny Mejlisiň orunbasarlary Akja Nurberdiýewa we Kakabaý Ylýasowa geçirmän, ony Ministrler Kabinetiniň orunbasary Gurbanguly Berdimuhamedowa tabşyrdylar. Soňra-da, ýazylmadyk kanuna görä, prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji öz yglan eden saýlawlaryna gatnaşyp, alty sany göz üçin ýanyna goşulan “bäsdeşleri” ýeňip, ap-aňsatja prezident bolýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolansoň, ilki bilen onuň teklibi esasynda Konstitusiýanyň birnäçe maddalaryna düzediş girizildi. Olaryň esasylarynyň biri Baş kanunyň ýokarda agzalan 4-nji maddasydyr. Ýagny, Konstitusiýanyň öňki redaksiýasy boýunça 60-njy madda, täzesinde-de – 58-nji madda. Indi bu madda şeýle ýazylan: «Eger Türkmenistanyň prezidenti haýsydyr bir sebäbe görä öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, onda prezident saýlanýança Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi esasynda, Türkmenistanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär. Türkmenistanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji prezidentlige dalaşgär bolup bilmez».

Bellemeli ýeri, maddanyň soňky setirleri hereket edýän halkara hukuk normalaryna gabat getirlip ýazylypdyr. Häzirki hereket edýän Konstitusiýa sekiz bölümden we 117 maddadan ybaratdyr. Onuň iň soňky redaksiýasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda tassyklandy.

Döwrüň üýtgemegi bilen biziň Baş kanunymyz geljekde öz taryhy ýolunda, meger, ýene-de ençeme düzedişlere, özgerişlere duçar bolsa gerek. Ýurtda bolup geçýän syýasy we ykdysady prosesler onuň üýtgedilip, hakyky demokratik prinsiplere gabat getirilmegini üpjün edip biler.

Häzirki Konstitusiýanyň ýurduň ösüşine täsir edýän esasy maddalary zerur düzedişlere mätäç. Olardan biri hem kanunyň 52-nji maddasydyr. Eger-de biz demokratik düşünjelerden ugur alýan bolsak, onda Türkmenistanyň prezidenti bu belent wezipä 5 ýyl möhlet bilen iki gezekden artyk saýlanyp bilmez. Diýmek, biziň Baş kanunymyza bu düzedişi hökman girizmeli. Hut şol möhüm düzediş hem geljekde Türkmenistanda dörejek diktaturanyň öňüni alyp biler.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG