Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul hüjüminde NATO esgerleriniň 6-sy öldürildi


NATO Kabulda janyndan geçen bombaçynyň ulag partlatmasynda ölenleriň arasynda 6 esgeriniň, 5 amerikanyň we bir kanadaly polkownigiň hem bardygyny aýtdy.

Owgan resmileri bu partlamada owgan graždanlarynyň hem azyndan 12-siniň ölendigini, onlarça adamyň bolsa ýaralalandygyny aýdylar. Ol raýatlaryň köpüsi partlama bolan wagty awtobusda bir ýere barýan eken.

Bombaçy öz ulagyny NATO-nyň konwoýy parlament we beýleki hökümet binalarynyň ýanyndan geçip barýarka partladypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini Talyban öz üstüne aldy.

Ak tamyň sözçüsi Bil Börten bu hüjümi ýazgaryp, Birleşen Ştatlar we owgan hökümeti Owganystanda durgunlylyk we howpsuzlyk döretmek maksatlarynda berk durlar diýdi.
XS
SM
MD
LG