Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda NATO-nyň 8-nji esgeri öldürildi


Günorta Owganystanda NATO-nyň iki esgeri öldürildi.

Bu iki ölüm Kabulda bolan kast ediş hüjüminden soň 24 sagatdan az wagtyň içinde öldürilen halkara esgerleriniň sanyny 8-e ýetirdi.

NATO-nyň Halkara howpsuzlyk kömek güýçleriniň beýanatynda bir esgeriň elde ýasalan bombadan ölendigi aýdylýar. Beýleki esger kiçiräk atyşykdan ölüpdir.

Fransiýanyň AFP habar gullugynyň hasabyna görä, şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda 210 daşary ýurt esgeri öldürildi.
XS
SM
MD
LG