Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý: Günbatar Talyban bilen gepleşikleriň zerurlygyny düşünip başlady


Owgan prezidenti Hamid Karzaý Günbatar liderleri Owganystandaky uruşda harby ýol bilen ýeňip bolmajagyna, parahatçylygy gazanmak üçin Talyban bilen gepleşmelidigine düşünip başladylar diýdi.

Karzaý Kabulda geçen metbugat ýygnagynda özüniň geçen hepde Waşingtona eden üç günlük sapary mahalynda amerikan prezidenti Barak Obama bilen parahatçylyk prosesi hakda giňişleýin maslahat edendigini aýtdy.

Karzaý şu aýyň aýagynda boljak owgan gurultaýynda Talyban bilen gepleşik geçirmek barada öz taslamalary bilen çykyş edip, delegatlaryň parahatçylyk çäreleri baradaky geňeş-maslahatylaryny diňlemekçi.

Karzaýyň taslamalarynda pitneçi liderleriniň atlarynyň BMG-niň sanksiýa sanawlaryndan aýrylmagy we olara daşary ýurtlarda gaçybatalga bermek mümkinçiligi baradaky pikirler hem bar.
XS
SM
MD
LG