Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa Eýranyň bosgundaky premýer ministrini öldüren jenaýatçyny boşadýar


Fransuz sudy Eýranyň bosgunlykdaky premýer ministrini öldüren eýranly jenaýatçyny azat etmegi buýurdy.

Bu waka Eýran içalyçylykda aýyplanyp tussag edilen fransuz mugallymyny azat edenden iki gün soň boldy.

Ali Wakili Rad 1991-nji ýylda Eýran şasynyň soňky premýer ministri Şapur Bahtiýary Parižiň daşyndaky öýünde öldürenligi üçin ömürlik tussaglyga höküm edilipdi.

Bahtiýar 1979-njy ýylyň Yslam rewolýusiýasyndan soň Eýrandan gaçyp çykypdy.

Wakili Rad fransuz sudy tarapyndan iki hepdeden az wagt içinde boşadylan ikinji eýranlydyr.

Bu ýagdaý Tähran bilen Parižiň fransuz mugallymyny boşatmak üçin ylalaşyk baglaşandygy baradaky gürrüňlere sebäp boldy.

Pariž bilen Tähran beýle zadyň bolanlygyny ret edýär.
XS
SM
MD
LG