Sepleriň elýeterliligi

Bagram howa bazasynda gazaply çaknyşyklar boldy


Kabulyň demirgazygyndaky Bagram howa bazasynyň töwreginde görnetin Talyban jeňçileri bilen NATO ýolbaşçylygyndaky güýçleriň arasynda söweş turdy.

Assoşeýted Press Birleşen Ştatlaryň harbylarynyň beýanatyna salgylanyp, jeňçileriň hüjüm edendigini, söweşde pitneçiler diýip güman edilýänleriň 7-siniň öldürilendigini ýazdy.

Beýanatda daşary ýurt esgerleriniň 5-siniň ýaraly bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG