Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Howpsuzlyk Geňeşine Eýran sanksiýalarynyň taslamasyny gowşurýar


Birleşen Ştatlar Birleşen milletler guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşine BMG-niň Eýrana uran baýlaşdyrmagy togtatmanlygy üçin girizmeli sanksiýalarynyň taslamasyny gowşurdy.

Resmiler bu taslamanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň weto ygtyýarly hemişelik agzalarynyň ählisi – ABŞ, Orsýet, Britaniýa, Fransiýa we Hytaý tarapyndan goldanýandygyny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlar bu taslamanyň 15 ýurtdan ybarat Howpsuzlyk Geňeşiniň zerur bolan 9 sesini almagyna garaşýandygyny aýdýar.

Bu rezolýusiýa kabul edilse, ol BMG-niň Eýranyň ýadro programmasy sebäpli girizen 4-nji tapgyr sanksiýasy bolar.
XS
SM
MD
LG