Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus telewideniýesiniň žurnalisti tüpeňlendi


Tankydy çykyşlary bilen tanalýan rus žurnalisti Sibiriň Tomsk şäherinde geçip barýan maşyndan atylyp, erbet ýaralandy.

44 ýaşly Mark Minin kauçyk oklardan goluna, döşüne, buduna düşen ýaralar sebäpli hassahana ýerleşdirildi. Doktorlar onuň ýagdaýynyň kadalydygyny aýdýarlar.

Tomsk gubernatory Wiktor Kres bu hüjümiň masgaraçylykdygyny we ony özüniň elin derňejekdigini aýtdy.

Mininiň aýaly Kremle garşy kasparow.ru internet saýdynda bu hüjümiň žurnalistiň işi üçin edilendigini aýtdy.

Şu ýylyň başynda Tomskda ýerli žurnalist aýyp bildirmezden tutulyp, polisiýa stansiýasynda erbet uruldy we iki hepde soň ýaralaryndan heläk boldy.
XS
SM
MD
LG