Sepleriň elýeterliligi

Azatlygyň iki habarçysy Deýwid Börk baýragyna mynasyp boldy


Azatlyk Radiosynyň türkmen we owgan gulluklarynyň iki habarçysy, Aşyrguly Baýryýew bilen Dawa Han Minapal 2010-njy ýyl boýunça Deýwid Börk baýragyna mynasyp boldy.

Bu baýrak žurnalistik işi üçin uly şahsy töwekgellik eden žurnalistlere berilýär.

Bu barada şu gün Azat Ýewropa we Azatlyk Radiostansiýalarynyň prezidenti Jefri Gedmin Waşingtondan habar berdi.

Gedmin öz kärdeşlerine hatynda bu iki žurnalistiň adatdan daşary kyn we howply şertlerde işleýänligini, jenap Baýryýewiň öz işi üçin ýanamalara we tussag edilmä sezewar bolandygyny, jenap Minapalyň bolsa Kabuldan Kandahara gelýärka alnyp gaçylandygyny ýazýar.

Prezident Gedmin bu batyr žurnalistleriň howp-hatara garaman öz işlerini dowam etdirendigini hem belläpdir.
XS
SM
MD
LG